Türkmenbaşy şäherinde täze sowadyjy ammar ulanylmaga berildi

00:2623.12.2015
0
3578

22-nji dekabrda Türkmenbaşy şäherinde et-süýt we gök önümlerini saklamak üçin niýetlenen “Sowadyjy toplum” ammarynyň açylyş dabarasy boldy.

Täze desga beýikligi 10 metre barabar bolan bir gatly bina bolup durýar. Ammar Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň maksatnamasy boýunça bina edildi. Bu Balkan welaýatynda iň uly senagat sowadyjysy bolup, onuň göwrümi 2475 kub metre deňdir. Sowadyjy zerur bolan ýagdaýynda  minus 20 gradusa çenli saklamagyň temperatura düzgünli sowadyjy bölümleriň dokuzysyna eýedir.   

Sowadyjy kameranyň onunjysy temperaturany  minus 40 gradusa çenli peseltmäge ukyplydyr. Amatly temperatura ýagdaýy merkezi dolandyryş paneliň ekeranlaryna signal geçirýän, temperaturany elektron sazlaýjylar arkaly gazanylýar.

Sowadyjynyň binasynda zähmeti köp talap edýän ähli işler awtomatlaşdyryldy we mehanizmleşdirildi. Azyk önümleriniň döwrebap ammary netijeli ýükleýji we düşüriji tehnikalar hem-de ýük galdyryjy mehanizmler bilen üpjün edildi. Uly ýükli awtoulaglara hyzmat etmek üçin sowadyjynyň kabul ediş bölümi dört sany basgançaga eýe bolup, ýük awtoulaglarynyň beýikligine baglylykda ýük ýükleýjiler üçin gerek bolan derejede kabul edýär.

Sowadyjynyň önümçilik toplumyna ýükden boşan gaplary we konteýnerleri saklamak üçin terminal, desganyň özbaşdak işlemegini üpjün edýän tehniki bölüm hem-de döwrebap mebeller we kompýuter tehnikalary bilen üpjün edilen edara binasy girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň