Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady

0
706
0
0

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

Döwlet Baştutany Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milletiň Lideri maslahatyň barşynda  23-nji dekabrda işe girizilmegi göz öňünde tutulýan “Gündogar — Günbatar” gaz geçirijini  ulanmaga bermek bilen bagly görlen çäreler baradaky hasabatlary diňledi.

Bu gaz geçirijisi — bu ýurdumyzyň energetika düzüminiň möhüm bölegi bolup, ol milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň hajatlaryny, şeýle hem dünýäde energiýa serişdelerine bolan islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem Aşgabatda we ähli welaýatlarda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan hem-de paýtagtyň, ýurduň şäherleriniň we obalarynyň Täze ýyl arçalary oturdylan baş meýdançalarynda guralýan baýramçylyk dabaralaryny, şol sanda konsertleri hem-de beýleki medeni-dynç alyş çärelerini guramak hakynda döwlet Baştutanyna berlen hasabat maslahatyň özenini düzdi. Türkmenistanyň Prezidenti döwlet ýolbaşçylaryna Täze baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru