Arhiw

Tehnologiýa täzelikleri

11:2622.12.2015
0
10319

“TAG HEUER” GERIMINI GIŇELTÝÄR

Her bir enjam täze öndürilip başlan wagty köpçüligiň gyzyklanmasyny özüne çekýär. Ýakynda önümçiligi ýola goýlan döwrebap akylly sagada hem müşderiler uly gyzyklanma bildirýärler. Şwesiýaly “TAG Heuer” şereketiniň noýabr aýynda köpçülige hödürlän “Android Wear” iş ulgamynda işlemäge niýetlenen akylly sagady üçin hem buýurmalaryň sany gün geldikçe artýar. “Bloomberg” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, “Tag Heuer Connected” ady berlen bu sagadyň 1500 amerikan dollaryndan satuwa goýberilendigine garamazdan müşderiler tarapyndan bir aýyň dowamynda 100 müň sany buýurma kabul edilipdir. Şol sebäpli hem şereket önümçiliginiň gerimini ulaltmaga mejbur boldy. Eýsem, müşderileriň söýgüsini gazanmagy başaran akylly sagadyň tehniki aýratynlyklary nähili-kä?!

“TAG Heuer” şereketiniň döwrebap sagady ”Intel” tarapyndan öndürilen 1.6 GHz frekans tizliginde işleýän iki ýadroly hereketlendiriji esasynda herekete gelýär. Şeýle hem sagatda 1.5 inç ululygynda 360 x 360 piksel ölçegindäki, gorag ulgamy bilen üpjün edilen sap kristal aýna daşly LTPS LCD ekrany ýerleşdirilipdir. “Tag Heuer Connected”  410 mAh göwrümli batareýasy, 1GB RAM göterijisi, 4GB maglumat saklaýjy ýady, titaniýden ýasalan daşky gaby, “Bluetooth 4.1” we “Wi-Fi” aýratynlyklary bilen müşderileriň ünsüni özüne çekdi.SONRA OKU  Döwrebap akylly sagat şol bir wagtda howa maglumatyny, şemalyň ugruny we ýagyş-ýagmyry we smartfonlara gelýän habarlaryň gözegçiligini amala aşyrmak mümkinçiligine hem eýedir.

 

“APPLE”-DEN TÄZE TELEWIZORLAR

“Apple” şereketi dördünji nesil “Apple TV” telewizoryny şu ýylyň oktýabr aýynda satuwa çykarypdy. Aradan köp wagtyň geçmändigine garamazdan metbugat sahypalarynda bäşinji nesil Apple TV barada habarlar mälim edilmäge başlady. “DigiTimes” habarlar gullugynyň maglumat bermegine görä, “Apple” şereketi özüniň ýakyn hyzmatdaşy “Quanta Computer” firmasy bilen bilelikde 2016-njy ýylyň birinji çärýeginde bäşinji nesil telewizorlarynyň önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Diýmek, ilkinji nusgasynyň şu aýyň dowamynda synag edilmegine garaşylýan täze “Apple TV”-niň müşderilerine ýetiriljek wagty hem daşda däl.

Amerikaly şereketiň täze nesil telewizorlarynda ozalky nesillerden tapawutlylykda has güýçli tehniki aýratynlyklaryň we netijeli bir “tvOS” platformasynyň bolmagyna garaşylýar. Taslama görä, has inçe göwrüme eýe boljak telewizorlar “Apple” muşdaklarynyň isleglerini ählitaraplaýyn   kanagatlandyrmagyna garaşylýar. Öndürijiler tarapyndan synag edilýän ýylylygy ýaýradyş ulgamynyň ilkinji gezek şu nesilde ornaşdyrylmagy mümkin. Goşmaça hökmünde täze telewizorda has güýçli bir “tvOS” iş ulgamyny we täze sazlamalary görüp bileris. Dördünji nesil “Apple TV”-de “Touchpad” aýratynlykly uzakdan dolandyryjy enjamyny hödürlän şereketiň, bäşinji nesilde giň gerimli oýun bölümini girizmegine garaşylýar.

 

 

“SONY” ISLEGINE GOWUŞDY

 Tehnologik we elektronik enjamlary bilen köpleriň söýgüsini gazanmagy başaran “Sony” we “Toshiba” şereketleri özara ylalaşyga geldiler, ýagny, garaşylýan satyn alma amala aşyryldy. Ozal “Toshiba” şereketiniň eýeçiligine degişli bolan sensor bölümi indi “Sony” şereketi tarapyndan alyndy we bu netijeli ylalaşygyň 155 million dollar möçberinde amala aşyrylandygy metbugat sahypalarynda köpçülige mälim edildi. “Sony” şereketiniň “Toshiba”-nyň sensor enjamlary üçin ekran taýýarlaýan bölümini satyn aljakdygy baradaky ilkinji maglumatlar oktýabr aýynyň soňunda mälim edilipdi.

Mobil dünýäsiniň sensor enjamlaryny öndüriji “läheňleriniň” hatarynda durýan “Sony” şereketi täze satyn alan önümçilik toplumynyň hasabyna, sensor enjamlaryny öndürmekde tehnologiýa bazaryndaky paýyny 30%-e çenli ulaltmagy başardy. Bu söwda netijesinde “Toshiba”-nyň 48.800 inedördül metrde ýerleşýän önümçilik toplumy we 1.100 işgäri indiden beýläk “Sony”-nyň “Sony Semiconductor Corporation” ady bilen guran önümçilik birleşmesiniň düzümine degişli bolar we iş alyp barar.
 
“XIAOMI” NOUTBUKLARY ÖNDÜRER


 
Tehnologiýa dünýäsinde öndürilýän enjamlaryň gün geldikçe ösmegi bilen bu ugurdaky bäsdeşlik hem barha giň gerime eýe bolýar. Hytaýyň tehnologiýa enjamlaryny öndürýän şereketi “Xiaomi”-ä hem bu bäsdeşlikde mynasyp orun degişlidir. Ilki başda mobil telefonlary bazarynda elýeter bahaly enjamlary bilen meşhur bolmagy başaran şereket, wagtyň geçmegi bilen öz önümçilik örüsini giňeldip, telewizor, tablet, geýilýän elektronik enjamlar we  aksessuarlaryň önümçiligine-de başlapdy. Bu ugurlarda mynasyp üstünlik gazanmagy başaran “Xiaomi”, “DigiTimes” habarlar gullugy tarapyndan mälim edilen soňky maglumatlara görä, noutbuk kompýuterlerini öndürmek üçin ädim ätmäge başlady.

Mälim edilişine görä, “Xiaomi” adyny göterjek ilkinji noutbugyň nesli 12.5 inç ululygynda bolar. Şereketiň ýolbaşçylar Geňeşi aprel aýynda satuwa goýberiljek noutbuklary bilen tehnologiýa dünýäsinde üstünlik gazanyp bilen halatynda 13.3 inç ululygyndaky täze noutbugyň hem önümçiligine başlamagy meýilleşdirýärler. “Xiaomi” noutbuklarynyň tehniki aýratynlyklary hökmünde arkadan şöhlelendirilýän 1080 x 1920 piksel ölçeginde ekran, 8 GB RAM göterijisi we “Intel i5/i7” prosessorlary bilen gelmegine garaşylýar. Şereketiň noutbuk görnüşlerinde “Windowsyň” ýerine “Linux”-a ýer berjekdigi barada hem maglumatlarda mälim edildi. Şeýle hem, “Digitimes” we “Bloomberg” gulluklarynyň maglumatyna görä bu noutbuklaryň önümçiligini şereketiň telefonlarynyň öndürilişini amala aşyran hyzmatdaşlary “Invectec”, “Foxconn” bilelikde alyp bararlar. “Xiaomi” öz noutbuklarynda “Lenovo Thinkpad” we “Apple Macbook Air” görnüşli noutbuklardan esas alar. Şereketiň akylly telefon bazaryndaky üstünligini ýene-de bir gezek gaýtalamagyna garaşylýar. Gazanyljak üstünligiň esasynda bolsa noutbuk kompýuterleriniň önümçiliginde örüsini has hem giňeldip biler.
 
 
“SAMSUNG”-DAN ÝENE-DE TÄZE SMARTFON

Tehnologiýa  dünýäsiniň öňdebaryjy şereketlerinden biri bolan “Samsung”, geljek ýylyň ýanwarynda Las-Wegasda geçiriljek “Dünýä Mobil Kongresi 2016” şüweleňi üçin meýilnamasyny mälim etdi. Günorta Koreýaly şereket 6-njy ýanwarda müşderilerine gapylaryny giňden açjak şüweleňde täze nesil akylly telewizorlaryny, monitor we öý enjamlarynyň birnäçe görnüşini getirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem, sanlyja gün mundan ozal Hytaýda müşderilerine hödürlän “Galaxy A” görnüşli telefonlaryny hem getirmegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi. 2016-njy ýylyň iň gowy smartfonlarynyň biri bolmagyna garaşylýan “Galaxy A9” bilen baglanyşykly habarlarda bolsa, onuň ähli tehnologik aýratynlyklary mälim edildi.

Täze smartfon, esasan hem, zarýad saklaýjylygy bilen müşderileriň ünsüni özüne çekýär. 6 inç ululygynda 2.5D görnüşli aýna bilen örtülen Full HD ölçegli “Super AMOLED” ekrana eýe bolan smartfonda jemi 4000 mAh göwrüme eýe bolan batareýa ýerleşdirilipdir. “Qualcomm”-yň täze nesli bolan 1,8GHz frekans tizliginde işleýän sekiz ýadroly “Snapdragon 620” işledijisi arkaly herekede gelýär. 3GB-lyk RAM göterijisi, 32GB maglumat saklaýjy ýady we mikroSD dakylýan ýeri, 13 megapiksellik arka kamerasy we 8 megapiksellik goşmaça kamerasy bilen göz öňünde tutulypdyr. “Android 5.1.1 Lollipop” we barmak yzyny tanaýan sensor ulgamlary smartfona bolan islegi has hem güýçlendirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň