Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" täze nyrhnamalary hödürleýär

11:1522.12.2015
0
26136

«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz müşderilerine Täze ýylyň bosagasynda "Sowgat" nyrhnamalar toplumyny hödürleýär. Bu toplum 2015-nji ýylyň 21-nji dekabryndan başlap, işe girizildi.

Sowgat-Kiçi nyrh meýilnamasy

Sowgat-Kiçi nyrh meýilnamasy bilen siz her aý ähli şäher we öýjükli telefonlaryna 200 minut, ýurduň içinde ähli mobil telefonlaryna 100 SMS hem-de 50 megabaýtlyk trafigini alýarsyňyz. Her aýyň bukjasy gutarandan soň, ähli şäher we mobil telefonlaryna minudynyň bahasy 0.08 manat.

  • Ýurduň içinde ähli mobil telefonlaryna SMS-iň bahasy 0.10 manat.
  • Her aýyň internet bukjasy gutarandan soň, 1 megabaýtynyň bahasy 0.09 manat.
  • Ähli giriş jaňlar mugt.
  • Her aý bukja üçin hökmany tölegi 9 manat. Her aýyň 1-ne saklanylýar.
  • Täze belgä birikdirilmesi mugt. Birikdirilende ilkinji töleg 1 manat.
  • Sowgat-Kiçi nyrh meýilnamasyna geçmek üçin öz telefonyňyzda aýlaň: * 0809 * 6 * 1 * 2 * 128 # jaň düwmesi. Geçmesi 1 manat.
  • Daşary ýurda çykyş SMS-iniň bahasy 0.20 manat.
  • Şäherara jaňlarynyň 1 minudynyň bahasy 0.08 manat.
  • Bahalar goşulan baha salgytly görkezilen.

Üns beriň! Müşderi tölegi üçin hasapda pul ýetmedik ýagdaýynda ähli şäher we öýjükli telefonlaryna minudynyň bahasy 0.14 manat, ýurduň içinde ähli mobil telefonlaryna SMS-iň bahasy 0.10 manatdan, 1 megabaýtynyň bahasy 0.12 manat bolar.
Hasaby dolduranyňyzdan soňra müşderi tölegi doly alnar we birikdirilen bukja aýyň dowamynda hereket eder. Şunlukda aýda müşderi töleginiň alnan pursatyndan başlap hasaplanyp başlanar.

 

Sowgat-Uly nyrh meýilnamasy


 

Sowgat-Uly nyrh meýilnamasy bilen siz her aý ähli şäher we öýjükli telefonlaryna 500 minut, ýurduň içinde ähli mobil telefonlaryna 200 SMS hem-de 100 megabaýtlyk trafigini alýarsyňyz. Her aýyň bukjasy gutarandan soň, ähli şäher we mobil telefonlaryna minudynyň bahasy 0.05 manat.

  • Ýurduň içinde ähli mobil telefonlaryna SMS-iň bahasy 0.10 manat.
  • Her aýyň internet bukjasy gutarandan soň, 1 megabaýtynyň bahasy 0.09 manat.
  • Ähli giriş jaňlar mugt.
  • Her aý bukja üçin hökmany tölegi 16 manat. Her aýyň 1-ne saklanylýar.
  • Täze belgä birikdirilmesi mugt. Birikdirilende ilkinji töleg 1 manat.
  • Sowgat-Uly nyrh meýilnamasyna geçmek üçin öz telefonyňyzda aýlaň: * 0809 * 6 * 1 * 2 * 129 # jaň düwmesi. Geçmesi 1 manat.
  • Daşary ýurda çykyş SMS-iniň bahasy 0.20 manat.
  • Şäherara jaňlarynyň 1 minudynyň bahasy 0.05 manat.
  • Bahalar goşulan baha salgytly görkezilen.

Üns beriň! Müşderi tölegi üçin hasapda pul ýetmedik ýagdaýynda ähli şäher we öýjükli telefonlaryna minudynyň bahasy 0.14 manat, ýurduň içinde ähli mobil telefonlaryna SMS-iň bahasy 0.10 manatdan, 1 megabaýtynyň bahasy 0.12 manat bolar.
Hasaby dolduranyňyzdan soňra müşderi tölegi doly alnar we birikdirilen bukja aýyň dowamynda hereket eder. Şunlukda aýda müşderi töleginiň alnan pursatyndan başlap hasaplanyp başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň