Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde binalaryň açylyş dabarasy

10:1522.12.2015
0
4068

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ýurdumyzyň hemme ýerinde bolşy ýaly, Amyderýanyň kenarýakalaryndaky obadyr şäherlerde hem welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň göwrümli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek batly depginler bilen alnyp barylýar. Şu ýylyň başyndan bäri sebitde durmuş-ykdysady maksatly döwrebap binalaryň 25-si dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda sebitde möhüm binalaryň ýene-de üçüsi açyldy. Binalaryň açylyş dabaralarynda döredijilik toparlary baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler. 

Saýat etrabynyň “Topurkak” daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary ajaýyp Täze ýyl sowgadyny aldylar. Bu gün ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler döredilen täze döwrebap saglyk öýi gapysyny giňden açdy. Oba saglyk öýi dünýä meşhur önüm öndürijileriň döwrebap lukmançylyk tehnologiýalary, şol sanda rentgen, UZI, EKG enjamlary bilen üpjün edilipdir. Adamlarr hirurgiýa, terapiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa we beýleki bejeriş otaglarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. 

Şu gün açylan ýene iki bina ýurdumyzyň gündogar sebitinde hususy telekeçiligi we işewürligi üstünlikli ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, döwlet tarapyndan uly goldaw berilmegi hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugra uly üns bermegi ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegine güýçli itergi berdi. Türkmenistanda özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde telekeçilik has uly ähmiýete eýe bolýar. Binalaryň açylyş dabarasynda çykyş edenler muny aýratyn bellediler. 

Welaýatyň merkezinde, Türkmenabat-Seýdi gara ýolunyň ugrunda 1500 inedördül metr meýdany tutýan döwrebap söwda--senagat merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. “Kämil ussa” hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan üç gatdan ybarat täze merkez Amyderýanyň kenarynda ýerleşen şäheriň binagärlik keşbine ajaýyp öwüşgin çaýdy. Onuň gurluşygynda aýratyn pugta sütünlerdir diregler we öňdebaryjy gurluşyk tehnologiýalary, daşky we içki bezeg işlerinde iň döwrebap serişdeler ulanyldy. Toplum zerur bolan howany üpjün etmek ulgamy we eskalatorlar bilen üpjün edilipdir. 

Binanyň birinji gatynda azyk önümleriniň dürli görnüşlerini satmak söwda ýerleşdirilipdir. Ikinji gatda alyjylar geýim, mata, aýakgap, elektrotehniki önümler, hojalyk harytlary, mebel we beýleki harytlaryň söwda dükanlarynyň hyzmatyndan peýdalanarlar. Üçünji gatda restoran, garbanyşhana, bilýard otagy, oňat enjamlaşdyrylan çagalar merkezi bar. 

Söwda-senagat toplumynda tikinçilik bölümi, geýimi, tehnikalary we beýleki önümleri abatlaýan ussahanalar hereket edýär. 

Söwda toplumynyň ýerzemininde bakja we miwe önümlerini saklamak üçin sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen ammarlar ýerleşdirilipdir. 

Şu gün Atamyrat etrabynda hem bakja we miwe önümlerini gaplamak boýunça täze hususy kärhananyň dabaraly açylyşy boldy. Bu kärhananyň kuwwatlylygy bir ýylda bir million bakja we miwe önümlerini gaplamaga mümkinçilik berýär. 2 gektardan gowrak meýdany tutýan bu binada bakja we miwe önümlerini gaýtadan işlemek boýunça döwrebap önümçiligiň ähli bölümleri—önümçilik sehleri, ammar miwe we bakja önümlerini saklamak üçin jaýlar, barlaghana, ýyladyş hojalygy, dolandyryş otaglary ykjam ýerleşdirilipdir. 

Önümçilik awtomatlaşdyrylan guýujy we ýuwujy, barlaghana enjamlary, kompýuter dolandyryş ulgamy we beýleki döwrebap tehnikalar bilen doly enjamlaşdyrylypdyr. Etrapda kärhananyň bakja we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmegi üçin ýörite ýer bölünip berlipdir. 

Dabaraly açylyşlaryň barşynda iň oňat gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň