Soňky habarlar

Arhiw

Harytlary saklamak üçin merkez açyldy

00:2622.12.2015
0
2006

19-njy dekbarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda harytlary saklamak boýunça täze iri merkeziň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanyldy we 396 müň inedördül metr meýdany bolan ammar binalary ulanmaga berildi.

Harytlaryň göwnejaý saklanylmagy we olaryň akymyny dolandyrmagyň häzirki zaman ulgamlary ýurdumyzyň kärhanalaryny, supermarketleri we paýtagtymyzyň, Ahal welaýatynyň söwda toplumlaryny dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin uly ähmiýetli bu sebitde logistika hyzmatlarynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy haryt dolanyşygynyň we islegleriň möçberleriniň artdyrylmagyna, önümleriň iberilmegi we saklanylmagy bilen baglanyşykly çykdajylaryň azaldylmagyna, harytlaryň göwnejaý saklanylmagyna ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň