"Bars" şokolad kärhanasynyň täze binasy açyldy

00:2222.12.2015
0
2901

19-njy dekabrda «Bars» şokolad kärhanasynyň täze binasy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze binalar toplumyny gurmak üçin hususy kärhana 3 gektar ýer bölünip berlipdi. Bu gün bu ýerde kärhananyň döwrebap binasy peýda boldy. Ýeri gelende, täze binalar toplumynyň türkmen telekeçileri tarapyndan gurlandygyny hem bellemek gerek. Täze kärhananyň gurluşygyny “Goşa halka” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary alyp bardy.

Türkiýe Respublikasyndan getirilen döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar toplumynda ýylda 3 müň tonna çenli önüm öndürmäge mümkinçilik bolar.  Eger şu wagtda çenli şokolad önümleriniň 6-7 görnüşi öndürilen bolsa, täze binalaryň işe girizilmegi bilen olaryň görnüşleri 9-dan 12-ä çenli ýetiriler.  Aýratyn bellenilmeli zat bolsa, bu ýerde önümçiligiň täze görnüşine, ýagny keks süýjülikleriniň önümçiligine hem badalga beriljekligidir. Hususy kärhananyň öndürjek täze keksleri, nesip bolsa, baýramçylyk günlerinde ildeşlerimiziň toý saçagyny bezär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň