Ak bugdaý etrabynda täze ýyladyşhanalar işe girizildi

0
200
1
0

 Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze ýyladyşhanalar işe girizildi. Olaryň biri telekeçi Nury Hydyrowa degişli. Telekçi özüne  bölünip berlen 3 gektar ýeriň bir gektarynda ýyladyşhana gurdy. Galan iki gektar meýdanda bolsa kömekçi binalar, işgärleriň dynç almagy üçin jaýlar, garawulhana, harman we beýleki desgalar guruldy.

Ýyladyşhana Koreýa Respublikasyndan getirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Gyşyň örküjinde işe girizilendigine garamazdan, bu ýerde ekinler üçin zerur bolan ýylylyk doly üpjün edilipdir. Suwaryş işleri bolsa damjalaýyn usulda alnyp barlar.

Telekeçi bilen gürrüň bolanymyzda, ol bu ýerde ekiljek ilkinji ekiniň kelem boljakdygyny gürrüň berdi. Kelemi agrotehnikanyň ähli talaplaryna laýyklykda ekmek üçin doly taýýarlyk görüldi. Ilkinji hasyl ýygnalandan soňra bolsa, ýyladyşhanada hyýar ekmek göz öňünde tutulýar.

Geçen hepde-de işe girizilen täze ýyladyşhanalaryň ýene-de biri telekeçi Arslan Nurgeldiýewe degişli. Hususyýetçilik pudagyna mundan iki ýyl ozal gelen telekeçi 4 gektardan gowrak ýer alyp, onuň 1 gektardan gowragynda ýyladyşhana gurmaga girişdi. Ine, ýakynda bolsa, ýyladyşhanalar taýýar bolup, olarda ilkinji ekinler ekildi.

Telekçi A.Nurgeldiýewiň ekinzarlygyny her biriniň ini 9, uzynlygy 52,5 metrden ybarat bolan ýyladyşhanalaryň 20-si emele getirýär. Häzirlikçe bu ýerde hyýaryň, pomidoryň we kelemiň ekilişi üstünlikli dowam edýär. Ýyladyşhana işinde birnäçe ýyllyk tejribesi bolan telekeçi enjamlaryň Ysraýyl döwletiniň tehnologiýalarydygyny gürrüň berdi.

Telekeçiniň gürrüň berşi ýaly, häzirki gyş möwsümi, esasan, kelem ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Pomidoryň bir hasylyny ýygnamak üçin bolsa 8 aýa çenli wagt gerek bolar. Hyýardan her ýylda iki hasyl almak mümkinçiligi bar. Telekeçi ilkinji ekinden 50 tonna çenli hasyla garaşyp boljakdygyny aýdýar.

Ilkinji hasyl ýygnalandan soň, hatar gurap oturan ýyladyşhanalarda ekinleriň görnüşini köpeltmek göz öňünde tutulýar. Ýakyn geljekde bu ýerde ekiljek ekinleriň görnüşi 10-a ýetiriler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru