Soňky habarlar

Arhiw

Baharly etrabynda täze maldarçylyk toplumy ulanylmaga berildi

00:0322.12.2015
0
11019

19-njy dekabrda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýylda 20 müň tonna süýt we 100 tonna et öndürýän iri maldarçylyk toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.  

Bu maldarçylyk toplumy “mermer” et diýilýän ýokary hilli sygyr etini öndürmek üçin niýetlenendir. “Mermer” et mallary semretmegiň aýratyn tehnologiýasy hem-de olary iýmitlendirmegiň ýörite usuly arkaly öndürilýär.

“Mermer” et hakykatdan-da üýtgeşik azyk önümi bolup durýar, ol malyň bogun süýümleriniň arasynda ýag gatlaklary görnüşinde deňeçer ýaýramak bilen, içki ýaglaryň toplanmagy netijesinde aýratyn tagama eýe bolýar.

Şunuň ýaly etiň ýyladyş usulynda gaýtadan işlenilýän mahalynda ýag gatlajyklary eräp, ete ýakymly suwuklyk tagamyny berýär we ol gaýtalanmajak ýumşaklyga öwrülýär.

Täze ýyl baýramy bellenilýän günlerde üýtgeşik tagamly naharlaryň gadyryny bilýänler türkmen telekeçileriniň ilkinji gezeki öndüren şunuň ýaly et önümine mynasyp baha berip bilerler.

Mundan başga-da, dünýäniň restoran ulgamlarynda uly islege eýe bolan şunuň ýaly et önümlerini eksporta ibermäge mümkinçilik dörär.

Bu toplum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ajaýyp Ussat — Halal önümler” hojalyk jemgyýetine degişli.

Baharly etrabynda ulanmaga berlen pudagyň ýene bir kärhanasy—mallary semretmek boýunça her ýylda 100 tonna et önümini öndürmäge niýetlenen desgasy hem döwrebap enjamlaşdyrylandyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň