Malaýziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

0
801
16
13

20-nji dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy. Jemleýji dabara türkmen we malaýziýa sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen utgaşdy. Oňa Türkmenistanyň döwlet tans topary, “Meňli” tans topary, “Mukam” skripkaçylar topary, belli halk sazandalary we aýdymçylary, opera hem-de estrada artistleri gatnaşdylar. Sahnada iki ýurduň tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlanan “Küştdepdi” tansy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary Malaýziýada bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Halkara deprek we tans festiwalyna-da gatnaşdylar. Türkmenistanyň döwlet tans toparynyň hem-de “Meňli” tans toparynyň çykyşy tomaşaçylar we bu iri foruma gatnaşyjylar tarapyndan el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşylanyldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru