Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy

11:4320.12.2015
0
2938

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Estoniýadan, Ermenistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, dizel ýangyjyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” DK-de öndürilen tehniki uglerody satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna  azyklyk bugdaý, nah ýüplük, garaköli goýunlaryň ýüňi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Owganystan, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 43 million 474 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Hytaýyň, Slowakiýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million 664 müň manatlykdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, saryja goýunlaryň ýüňüni, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen bejeriş-mineral suwuny, ýod galamlaryny, buýan köküniň şiresini, derman ösümliklerinden taýýarlanylan bejeriş otlaryny hem-de beýlekileri satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 153 müň manatlykdan gowrak pagta-süýümini, awtoulag serişdelerini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň