Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistana Türkiýeden salam getirdim» (Aşgabatda türkiýeli belli aýdymçy Tarkan Dewetoglunyň konserti boldy)

18:2819.12.2015
0
2644

18-nji dekabrda türkiýeli aýdym-saz ýyldyzy Tarkan Dewetogly paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda konsert bilen çykyş etdi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň 10 müňden gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna we Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlandy. Konsertde dünýä belli ýyldyzyň ýerine ýetiren aýdymlary ildeşlerimiz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Dabaraly konsertden soň aýdymçy şeýle gürrüň berdi:

— Ata mekanymyz Türkmenistana ýene bir ýola gelmek we bu ýerde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli çykyş etmek mende iň ýakymly duýgulary döretdi. Men bu ýerde mundan üç ýyl ozal beren konsertimi hem hemişe ýakym bilen ýatlaýaryn. Şol gezek Türkmenistanda müňlerçe janköýerimiň bardygy meni diýseň begendiripdi. Bu gezekki konsert bolsa garaşyşymdan hem gyzykly geçdi. Munuň üçin konserte gelen muşdaklarymyň ählisine hoşallyk bildirýärin.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary sungatyň üsti bilen pugtalandyrmak biziň — sungat işgäleriniň belent borjy bolup durýar. Şonuň üçin hem men Türkmenistanda konsert bilen çykyş edenimde, özümi edil öz Watanymyzda ýaly duýýaryn. Ajaýyp Buzly köşgi dolduryp oturan tomaşaçylaryň aýdymlarymy özüm bilen deň gaýtalamagy kalbymy joşdurýar. Şonuň üçin hem ýeneki ýyllarda-da Türkmenistana gelmäge we bu ýerde täze aýdymlarym bilen çykyş etmäge şatdyryn. Galyberse-de, Türkmenistanda meniň dostlarym hem bar. Olar hem sungat işgärleri. Siziň ajaýyp ýurduňyzda konsert bermek arkaly, dostlarym bilen ýene bir gezek didarlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirýärin.

Sözümiň ahyrynda, Türkmenistan we türkmen halkyna Türkiýeden getiren gyzgyn salamymy ýetirýärin. Taryhy bir kökden gaýdýan türkmen we türk halklarynyň dostlugynyň dowamat-dowam bolmagyny arzuw edýärin. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn! Goý, täze 2016-njy ýyl biziň dostlukly halklarymyz üçin düşümli ýyllaryň biri bolsun!

Şeýlelikde, aşgabatlylar we paýtgatymyzyň myhmanlary birnäçe günläp, sungatyň dünýä belli ýyldyzlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar. Ýeri gelende aýtsak, şeýle konsertler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asylly däbe öwrüldi. Sungat ussatlarynyň özüleriniň hem aýdyşy ýaly, bu konsertler halklaryň arasyndaky dostluk-doganlyga daýanýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Çünki sungatyň dili, esasan hem, aýdym saz sungatynyň dili Ýer ýüzündäki ähli halklar üçin düşnüklidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň