«TürkmenÄlem 52 E» aragatnaşyk emeli hemrasyny ulanmak bilen bagly işler geçirilýär

0
500
6
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji dekabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna «TürkmenÄlem 520E» aragatnaşyk emeli hemrasyny ulanmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemranyň netijeli ulanylmagy sanly teleýaýlymlaryň ýokary hilli alnyp berlişine ýardam eder diýip belledi. Hemra takyk  aragatnaşygynyň  iň alysdaky ilatly ýerleri hem gurşap alyp, aragatnaşygyň we dolandyryşyň innowasion ulgamyny döretmek üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady. Milletiň Lideri hemra aragatnaşygynyň Türkmenistanda älem bilen baglanyşykly barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge ýardam etmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutany ähli taslamalar durmuşa geçirilende, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirlerden hem-de innowasion tehnologiýalardan ugur alynmalydygyny nygtap, bu babatda  anyk görkezmeleri berdi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru