Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

10:0618.12.2015
0
2849

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Azerbaýjan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wahdet Sultanzade Mamedaga ogluny kabul etdi.

Diplomat wagt  tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi giňden bellenilip geçilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi bilen gutlady. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili öz ýurdunyň  Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan bilen giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Azerbaýjanda türkmen döwletiniň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna hem-de onuň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini we doly goldanylýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagt we abadançylyk arzuw edip, azerbaýjan tarapyna ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny guramakda özüniň hukuk derejesini üstünlikli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň oňyn başlangyçlaryny dünýäniň syýasy giňişliginde ilerletmekde uly goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem  soňky ýyllarda ýola goýlan, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde  üstünlikli ösdürilýän köpugurly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ilçä deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleri Türkmenistana gelip, bu ýerde amala aşyrylýan özgertmelere haýran galýarlar diýip, jenap Wahdet Sultanzade  Mamedaga ogly aýtdy we Türkmenistany hemişe aýratyn mähir hem-de hoş sözler bilen ýatlajakdygyny nygtady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň