“Ene mähri” halkara merkezi özüniň şanly 10 ýyllygyny belleýär

0
1515
9
0

Halkara lukmançylyk merkeziniň düzümine girýän “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýan merkez özüniň açylyp ulanmaga berilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, ylmy-amalay maslahat geçirildi. Bu ýere paýtagtyň lukmançylyk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýat lukmançylyk edaralarynyň hünärmenleri, ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri ýygnandylar. Türkmenistanda işleýän BMG-niň gulluklarynyň wekilleri bu baýramçylyk maslahatynyň hormatly myhmanlary boldular.

Maslahata gatnaşyjylar öz cykyşlarynda ýokary lukmançylyk hyzmatlary we iň täze tehnologiýalar, şol sanda telelukmançylygyň çäklendirilmedik mümkinçilikleri netijesinde “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýan merkez gysga wagtyň içinde türkmenstanlylaryň arasynda örän uly meşhurlyga eýe boldy diýip bellediler. 

Bu günki gün merkez akuşerlik-ginekologiki operasiýalarynyň ählisini, şol sanda beden agzalaryny saklaýan, rekonstruktiw-plastiki operasiýalary hem, geçirmegiň mümkinçiliklerine eýedir. Häzirki zaman täze materiallaryň we anesteziologiýanyň usullarynyň ulanylmagy, tassyk ediji lukmançylygyň halkara standartlarynyň girizilmegi we beýleki köp sanly usullar merkeziň hünärmenlerine keselleri irki wagtyny ýüze çykarmaga, ambulator kömegini köp taraplaýyn giňeltmek we hilini gowlandyrmak boýunça çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýär 

Ýöne, kömekçi reproduktiw tehnologiýalar we genetika barlaghanasy Orta Aziýa sebtinde iri we iň häzirki zaman ýöriteleşdirilen merkeziň aýratyn buýsanjy bolup durýar. Ol 2007-nji ýylda döredildi, lukmançylyk ylmynyň gazananlary netijesinde dünýä inen çagalar eýýäm 2014-nji ýylda mekdebe gatnap başladylar. 

Häzirki günde bärlagananyň işgärleri önelgesi bolmadyk zenanlary we erkekleri bejermegiň, hromosom we gen derejesinde keselleri anyklamaga, şol sanda FISH tehnologiýalar hem, dünýä belli tehnologiýalaryň ählisine eýedirler. Ol embrionlary hromosom we genetiki keselleri enä geçýänçä keselleri anyklamagy we kähalatlarda geljekki çaganyň jynsyny kesgitlemegi göz öňünde tutýandyr. 

Merkeziň ýene-de bir möhüm ugry göwreliligi anyklamak we wagtyndan öň dogulan we agramy az bolan çagalary ösdürip ýetişdirmek bolup durýar. Häzirki zaman ylmynyň ösmegi, göwredäki düwünçegiň ýagdaýyny anyklamakda, onuň ösüşine gözegçilik etmekde, irki möhletlerde patologiýany ýüze çikarmakda ýokary tehnologiýalar her bir çylşyrymlaşan göwreliligi aýratynlykda sretmäge we dogurmagyň wagtyny kesgtlemäge mümkinçilik berýär. 

Gepiň gerdişine görä aýtsak, merkeziň iň kiçijik pasienti 460,0 gram agramda dogulan çaga emeli şertlerde ösdürildi hem-de indi iki ýyl bäri öz ene-atasynyň guwanjy bolup gelýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru