Nebit çykarmak boýunça ýyllyk tabşyryk berjaý edildi

16:1217.12.2015
0
5344

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyny hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi täze zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar.

2015-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynda nebitiň 11 million 116 müň tonnadan gowragy çykaryldy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde “gara altyny” çykarmagyň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan wezipelerini, şol sanda şu ýylyň ýanwar aýynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, şeýle hem sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda öňde goýan wezipelerini çözmek bilen, türkmen nebitçileri işleriň bellenilen maksatnamasynyň hötdesinden abraý bilen geldiler.  

“Gara altyny” çykarmagyň ösüşi birnäçe şertleriň hasabyna gazanyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýataklarynda netijeli geologiýa-tehniki çäreleriň toplumy amala aşyrylýar. Olar täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna guýularyň önümli gatlaklarynyň nebit berijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.    

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna” laýyklykda buraw işleriniň gerimi ep-esli giňeldi. Şu ýylyň başyndan bäri 109 müň metrden gowrak çuňluk burawlandy – ösüş depgini 126,9 göterime deň boldy. 

Mysal üçin Demirgazyk Goturdepe ýatagyny özleşdirmek boýunça işleriň gerimi giňeldi, Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenarýaka zolagynda täze gözleg we ulanyş guýularyny burawlamagyň barşynda nebitiň senagat akymlary alyndy. Bu ýerde, täze “ýerasty guýularyň” gurluşygynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň satyn alan döwrebap buraw enjamlary ulanylýar. Şonuň bilen birlikde öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda kese we eňňit guýulary burawlamak boýunça tehnologiýalar ulanylýar, olar önümli gatlaklardan uglewodorod çig malyny saýlap almagy 4-5 esse artdyrmaga mümkinçilik berýär.    

Mundan başga-da, Goturdepe, Barsagelmez, Akpatlawuk, Ekizek ýataklarynda uly çuňlukdaky gatlaklaryň geologiýa-gözleg işleri amala aşyrylýar. Altyguýy ýatagynda guýulary burawlamak dowam edýär, bu ýerde nebitiň senagat akymlary alyndy. Gözleg buraw zolagyna Hazarýaka sebitiniň geljegi uly bolan beýleki birnäçe meýdanlary hem goşuldy.     

Şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary hem nebitiň çykarylyşyny artdyrýarlar, olar önümi paýlaşmak hakynda şertnamalaryň esasynda gury ýerde we Hazaryň deňiz ýalpaklygynda birnäçe ýataklary işläp taýýarlaýarlar.  

Energetika ulgamynda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak dowam edýär, olaryň çäklerinde täze önümçilik desgalaryny gurmak işleri amala aşyrylýar. Ýangyç-energetika toplumynda şu ýylyň başyndan bäri özleşdirilen maýalaryň umumy möçberi 8 milliard 765 million manatdan gowrak boldy. Bu geçen ýylyň 11 aýyndaky görkezijiden 21,2 göterim köpdür.  

2015-nji ýylyň 11 aýynda tebigy gazyň çykarylyşy 70 milliard kubmetre deň boldy, onuň eksporty bolsa 35 milliard kub metrden gowrak boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde käbir nebit önümlerini, şol sanda awtomobil benzinini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, tehniki çalgy ýaglaryny öndürmegiň möçberi artdy.    

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi  ýaly, Türkmenistanyň energetika strategiýasy ozaly bilen ýurdumyzyň ägirt uly nebitgaz kuwwatyny netijeli amala aşyrmaga hem-de ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. 

Önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak we nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak maksadynda görlen anyk çäreler ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmaga we degişlilikde Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň