Täze ýyly garşylamak boýunça baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlanýar

0
1390
2
0

Şu günler türkmenistanlylar ynam we ruhubelentlik bilen geljek üçin meýilnamalary düzüp, Täze ýyly garşylaýarlar. Türkmenistan bu taryhy şanly senäni ruhubelentlik bilen belläp, 2016-njy ýyly garşylamaga uly hyjuw bilen taýýarlyk görýär.

Şu günler Täze ýyl lybasyna beslenýän türkmen paýtagtynyň hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi hem hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, şadyýan we ajaýyp  baýramçylygyň ýetip gelýändigini görkezýär. Dürli öwüşginli oýnawaçlara, monjuklara, paňkyldawaçlara beslenen Täze ýyl arçalary edara binalarynyň öňünde, meýdançalarda we köçeleriň ugrunda, söwda merkezlerinde peýda bolýar. Agşamlaryna olary Täze ýyl çyra bezegleri ýagtylandyrýar. Arça bezegleriniň we sowgatlarynyň hem baýramçylyk söwdasy başlandy. Elbetde, Täze ýyl dabaralary söýgüli baýramçylygymyzy uzak wagt ýatda galdyrýar.

Baýramçylygyň öň ýanynda Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Bilim ministrligi, jemgyýetçilik guramalary, ministrlikler we edaralar dürli Täze ýyl medeni-dynç alyş maksatnamalaryny taýýarladylar.

Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri, ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary, özboluşly žanryň ussatlary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatrlaryň döredijilik toparlary bolsa Täze ýyla täze aýdymlaryny, aýdym-sazly, tansly çykyşlaryny, dürli şadyýan spektakllaryny taýýarladylar. Şäherleriň we obalaryň açyk sahna meýdançalary, medeni merkezleriň we teatrlaryň zallary, şu günler hakyky ertekilerdäki köşklere  öwrüldi.

Medeniýet ulgamynyň edaralary hem aýratyn depginde işleýär, olarda 15-nji dekabrda Täze ýyla bagyşlanan köpsanly çäreler badalga aldy, telewizion gepleşikleriniň ýazgylaryna başlanyp, olar Täze ýylyň öňýanynda hem-de onuň ilkinji günleri milli teleýaýlymlarymyz boýunça halka ýetiriler.

15-nji dekabrda “Toý mekany” medeni-dynç alyş merkezinde geçirilen hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran baýramçylyk dabarasy “Hoş geldiň Täze ýyl, Garaşsyz, Bitarap Diýara!” diýlip atlandyryldy.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan guralan baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň harby bölümleriniň medeniýet öýlerinde geçirildi.

“Arkadagly Diýara bagt getir, Täze ýyl!” atly dabara bilen Täze ýyl çäreleriniň tapgyryny açan jemgyýetçilik guramalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi hem bar.

Baýramçylyk maksatnamasyny ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde guraýan “Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Watana!”, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar  birleşiginiň Merkezi geňeşiniň “Gülzaman” toý merkezinde geçirýän “Şatlyk bilen, şowhun bilen geldi Täze ýyl”  atly baýramçylyk çäreleri dowam edýär.

17-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş ýoly bagtyýar durmuşyň kepilidir” atly maslahat hem-de 18-nji dekabrda bolsa jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Arkadagly eziz Diýar diňe öňe, öňe barýar!” atly döredijilik duşuşygy geçiriler.   

Russiýa Federasiýasyndan geljek sirk artistleriniň çykyşlary Täze ýyl maksatnamasyna dürli öwüşgin çaýar. Olaryň çykyşlary üstümizdäki aýyň 21-nji dekabryndan başlap, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde guralar.

22-nji dekabrda “Hoş geldiň Täze ýyl, Arkadagly Diýara!” atly dabaranyň baýramçylyk maksatnamasynda eziz Watanymyzyň şanyna ajaýyp owazlar, söýgi, mähir, gözellik we hoşniýetlilik hakynda aýdymlar ýaňlanar. Bu dabara “Altyn ýyldyz” medeni –dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralar.

Elbetde, ýurdumyzyň baş arçasynda yşyklary ýakmak dabarasy Täze ýylyň şanly wakasyna öwrüler. Ol 23-nji dekabrda häzirki zaman Aşgabadyň gözel ýerleriniň biri hasaplanýan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlanar.

Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşy tamamlanýança Aýazbabanyň hem-de Garpamygyň, meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň, teatr we halk döredijilik toparlarynyň, ýaş artistleriň gatnaşmagynda dürli Täze ýyl çykyşlary görkeziler. Şowhunly, täsirli şüweleňlerde Täze ýyl baýramçylygy bagtyýar çagalaryň göwnüni galkyndyrar.

Täze ýylyň öň ýanyndaky günlerde Aşgabatda ýurdumyzyň ýaş zehinli aýdymçylarynyň arasyndaky “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň netijeleri jemlener hem-de oňa gatnaşyjylaryň jemleýji konserti bolar. 24-nji dekabrda “Maslahat köşgüniň” sahnasynda ýurdumyzyň estradasynyň dogup gelýän ýyldyzlary, ýaş zehinler çykyş eder.

25-nji dekabrda myhmanlary “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler kabul eder. Şol ýerde “Hoş geldiň Täze ýyl! Salam Täze ýyl!” atly çäre geçiriler. Däp boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adyndan jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň wekilleri çagalary gutlarlar hem-de olara ýörite sowgatlary gowşurarlar.

25-nji dekabrdan 30-njy dekabra çenli baýramçylyk çäreleri  Türkmen halysynyň muzeýinde hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda geçiriler.

Täze ýylyň öň ýanyndaky hepde Türkmenistanyň sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan birnäçe gyzykly baýramçylyk maksatnamalaryny özünde jemlär. Elbetde, şu günler türkmen paýtagty dabaralaryň hem-de belent baýramçylyk çäreleriniň merkezine öwrülýär. “Şatlyk getir, Täze ýyl” at bilen 26-27-nji dekabrda paýtagtymyzdaky “Watan” hem-de “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde baýramçylyk konsertleri geçiriler.

30-njy dekabrda şadyýan baýramçylyk maksatnamalary aşgabatlylary hem-de türkmen paýtagtynyň myhmanlaryny Döwlet  sirkiniň öňündäki meýdançada, “Ylham” seýilgähinde we ýene-de “Watan” hem-de “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde ýygnar.  

Baýramçylygyň esasy wakasy 31-nji dekabrda paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda geçiriljek uly baýramçylyk çykyşlary bolar. Täze 2016-njy ýylyň gelmeginiň hormatyna esasy dabaralar paýtagtymyzda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki gurnalan Baş arçanyň ýanynda geçiriler.

Täze ýyl arçalary, şeýle hem çagalar sagaldyş merkezlerinde gurnaldy. Şol ýerlerde ýaş türkmenistanlylar gyşky dynç alyş möwsüminde dynç alarlar. Diňe owadan Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezleriniň 14-si ýedi müňden gowrak çagalary kabul etmäge taýýardyr. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru