Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen boksçulary halkara ýaryşda medallara mynasyp boldular

23:3416.12.2015
0
3370

Boks boýunça halkara ýaryşy dünýäniň 8 ýurdundan türgenleriň 100-den gowragyny ýygnady. Türkmenistanlylaryň hatarynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary – 64 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medalyny gazanan Aziz Bebitow hem-de 69 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medaly gazanan Şöhrat Durdyýew tapawutlandylar.

Bu sylag göçme ýaryşlarda Şöhratyň ilkinji medaly bolan bolsa, onda Aziz Bebitow halkara derejesindäki iri ýaryşlara gatnaşyp, gowy netijeleri gazandy. Häzirlikçe onuň iň gowy üstünligi geçen ýyl Koreýa Respublikasynda geçirilen XVII Aziýa oýunlarynda gazanan bürünç medaly bolup durýar. Bu üstünlik ýurdumyzyň at gazanan tälimçileri Şöhrat Gurbanowyň we Sabir Kseýhanowyň şägirdine 2014-nji ýylda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň güýçli türgenleriniň üçlüginde orun eýelemegini üpjün etdi.

2015-nji ýylda Türkmenabatdan bolan boksçy pälwanymyz geçen güýzde Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen dünýä çempionatyna ýollanma gazanmagy başardy, netijede ol Aziýa Çempionatynda güýçli türgenleriň sekizisiniň hataryna girdi. Ol Pawlodarda geçirilen halkara ýaryşynda kümüş medaly gazanmak bilen, Türkmenistanyň ussat türgenleriniň biri bolup durýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.     

Braziliýada geçiriljek Olimpiadanyň öň ýanynda biziň boksçylarymyz sport dünýäsinde esasy ýaryşlara ýollanmalar ugrunda çekeleşikli bäsleşikleri geçirerler. Bahar paslynda Hytaýyň Szinan şäherinde Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň saýlama ýaryşlary geçirilip, olarda “olimpiýaçy” diýen hormatly ada eýe bolmak üçin ýeňijileriň üçlügine girmek zerur bolup durýar. Iýun aýnyda bolsa Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Bütindünýä saýlama ýaryşy geçiriler. Olimpiýa ýollanmasyny gazanmak üçin dünýäniň güýçli boksçylarynyň bäşisiniň hatarynda orun eýelemek zerur bolup durýar. Şunda biziň watandaşlarymyzyň şol netijäni gazanmak üçin ähli mümkinçilikleri bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň