Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgenler gylyçlaşmak boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

23:1616.12.2015
0
6201

Biziň pälwanlarymyzyň türkmen göreşi boýunça II dünýä çempionatynda we guşakly göreş boýunça dünýäniň Kubogy ugrunda Russiýa Federasiýasynda geçirilen ýaryşlarda üstünlikli çykyşlaryndan soň, 

türkmen türgenleri halkara derejesinde geçirilýän iri ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bilen begendirmegi dowam edýärler. Ine, ýakynda Bahreýn Patyşalygynyň paýtagtynda — Manama şäherinde geçirilen gylyçlaşmak boýunça ýaryşda biziň watandaş gyzymyz ýaryşa gatnaşyjylaryň zenanlar toparynda ýeňiş gazanmagy başardy, Pawlodarda (Gazagystan) geçirilen boks boýunça ýaryşlarda bolsa türkmenistanlylar kümüş we bürünç medallaryny gazandylar.

Gylyçlaşmak boýunça bäsleşiklere dünýäniň 12 ýurdundan – Beýik Britaniýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Iordaniýadan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 100-e golaýy gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Meňli Goýunlyýewa tapawutlanyp, türgenleriň 20-den gowragynyň medallar ugrunda bäsleşiginde oňa taý gelen tapylmady.

Ýaryşyň final tapgyryna çykmak ugrunda Balkanabatdan bolan türgen gyzymyz bäsleşikleriň altysyny geçirip, olaryň bäşisinde ýeňiş gazanmagy başardy. Aýgytlaýjy tutluşyga tarap alyp barýan ýolda M.Goýunlyýewa ýaryşyň eýesiniň wekilleriniň ikisini hem-de Hytaýyň toparyndan bir türgeni medallar ugrunda bäsleşikden çykardy. Finalda Meňli öz bäsdeşini  15:9 hasaby bilen ynamly ýeňmegi başardy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Witaliý Kagramanowyň we Tatýana Ýermolaýewanyň şägirdi her ýyl geçirilýän bu ýaryşa ozal hem gatnaşypdy. Geçen ýyl ol finala ýetip, kümüş medal bilen oňmaly boldy. Türkmen türgeni we onuň halypalary goýberilen ýalňyşlyklary seljerip,  türgenleşik işlerini dowam etdiler, bu bolsa netijede häzirki ýeňşe getirdi. 

Şu dekabr günlerinde Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlar badalga aldy. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ussat türgenleri ýygnady. Olaryň hatarynda Meňli Goýunlyýewa hem bar. Türkmenistanyň Gylyçlaşmak boýunça federasiýasyndan habar berişleri ýaly, Kuboga gatnaşyjylar diňe medallar ugrunda däl-de, eýsem, utuklar babatda hem bäsleşýärler. Hut şolar milli ýygyndy topary döretmegiň barşynda esasy şertleriň biri bolup, bu topar geljek ýylda iri halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşar. Şol sanda Hytaýyň Wuksu şäherinde geçiriljek (13-19-njy aprel) saýlama ýaryşlaryna gatnaşar, şol ýerde 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýro şäherinde (Braziliýa) geçiriljek Olimpiada ýollanmalar ugrunda bäsleşiler. Şeýle hem şol ýerde gylyçlaşmak boýunça Aziýa çempionaty geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň