Birleşen Ştatlar saz maksatnamasy arkaly bilim we tejribe paýlaşýar hem medeni aragatnaşygy goldaýar

0
757
0
0

Üç amerikan mugallymlary Aýra Spolding, Derek Bekwold we Eýweri Weýt 14-18-nji dekabrda hünär we medeni alyş-çalyş maksatnamasy esasynda Aşgabada sapar edýär. Mugallymlar Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň talyplary we mugallymlary we şol sanda klassyky saz, wokal, kompozisiýa we dirijýor bölümleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçirerler. Mugallymlar ilçihananyň Maglumat serişdeler merkezinde jäm seşn we saz bilen tanyşdyrma sapagyny hem alyp bararlar. Bu maksatnama Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda milli konserwatoriýa bilen bilelikdäki konsert bilen jemlener.

Aýra Spolding hor dirijýory, aýdymçy we saz mugallymy bolup, 30 ýyldan gowrak dünýäniň 60 ýurdynda konsertler bilen çykyş edip, dürli sungat boýunça okuw maslahatlaryň we öwreniş sapaklaryň üsti bilen özüniň saza bolan söýgüsi bilen paýlaşyp gelýär.  Derek Bekwold birnäçe saz gurallaryny çalýan kompozitor bolup, ol dünýäniň ähli künjeklerinde dürli saz çalyp çylyş etdi. Ol Boston, Kabul, Kolombo, we Nýu Deli şäherlerinde saz mugallymy bolup işledi. Juliard mekdebiniň uçurumy bolan Eýweri Weýt wiolonçel çalýar. Ol ýygy-ýygydan çykyş edýän mugallym, kompozitor, dirijýor we sungat öwreniji hökmünde tanalýar.

Bu topar aşakdaky tertip boýunça köpçülik üçin açyk çykyşlary geçirer:

Sişenbe, 2015-nji ýylyň 15-nji dekabry, 18:00 – Maglumat serişdeler merkezinde jäz jäm seşn

Penşenbe, 2015-nji ýylyň 17-nji dekabry, 18:00 - Maglumat serişdeler merkezinde saz bilen tanyşdyrma sapagy

Anna, 2015-nji ýylyň 18-nji dekabry, 19:00 – Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda Milli konserwatoriýa bilen bilelikdäki konsert

Ähli çykyşlara giriş tölegsiz we hemmeler üçin açyk.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru