Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy

0
176
0
0

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we  Owganystandan gelen telekeçiler  Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmengaz” DK-niň   suwuklandyrylan gazyny satyn aldylar.  Bulardan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Owganystandan, Ukrainadan Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaýy we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Slowakiýadan we Pakistandan gelen işewürler  jemi bahasy 4 million manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 630  müň manatdan gowrak möçberde azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

“Türkmenistan: hepdäniň wakalary”, TDH. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru