Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

16:4113.12.2015
0
5473

12-nji dekabrda baýramçylyk çäreleri paýtagtyň Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy, oňa  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ir säherden Köpetdag jülgesiniň ajaýyp künjekleriniň birinde gurlan ýadygärlige aşgabatlylaryň hem-de türkmen paýtagtynyň myhmanlary, şol sanda şu gün Aşgabatda açylýan “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahata gatnaşýan köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gelip başladylar. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň hem-de diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar ýygnandylar.

Döwlet Baştutany Bitaraplyk binasynyň ýanyna barýar, bu ýerde Milli goşunyň gaýduwsyz esgerleri — türkmen halkynyň edermen ata-babalarynyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirijiler hormat garawulynda nyzama düzülipdir.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özygtyýarly döwletimiziň eýe bolan hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň ýörelgeleriniň müdimiliginiň hem-de mizemezliginiň nyşany hökmünde bina edilen Bitaraplyk binasynyň etegine gül dessesini goýýar.

Milletiň Lideriniň yzysüre dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini goýýarlar, şu pursat Bitaraplyk binasynyň töweregine ýygnanan müňlerçe  adamlaryň kalbyny buýsanç duýgusy gurşap alýar. Az salymyň içinde binanyň öňündäki meýdança ajaýyp gül desselerinden dolýar.

Türkmen halkynyň eýerýän parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik ýörelgelerini alamatlandyrýan Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň baýramçylygy her ýyl ýurdumyzda   giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Şol dabaralara körpe nesilden başlap, ak sakgally ýaşululara çenli hemmeler ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry dünýä taryhynyň örän ähmiýetli seneleriniň biridir. Hut şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Kararnamasy kabul edildi. Bu resminama laýyklykda, biziň ýurdumyz taryhda ilkinji gezek halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwlet boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň