Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

0
182
0
0

12-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyny mübärekläp, şu baýramçylyk günlerinde Türkmenistana gelmek hem-de şanly senä bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin özüniň owgan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Mohammad Aşraf Gani Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Bitaraplygyň 20 ýyllygy bilen mähirli gutlap, türkmen Liderine hem-de ähli türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň sebitde rowaçlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýän parahatçylyk söýüjilik, uzakdan görüji syýasatyna ýokary baha berýärler hem-de iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ygtybarly berkidýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna örän uly sarpa goýýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri  üçin minnetdarlyk bildirip, Owganystan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara Türkmenistanyň ygrarlydygyny hem-de goňşy ýurduň ykdysady we medeni taýdan galkynmagynda mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklady. Türkmen halky owgan halky bilen onuň parahat we durnukly durmuşa ymtylmasynda tüýs ýürekden raýdaşdyr diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy hem-de bu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiligi açýan hil taýdan täze tapgyry başdan geçirýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek, anyk aýdylanda bolsa, türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi bellenen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi gyzyklanma bildirilip, ara alyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Bu dabara iri energetika taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň ilkinji möhüm tapgyry bolar. Bu taslama oňa gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň her birine hem-de umuman, tutuş sebite abadançylyk getirmäge gönükdirilip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrüler. Şu babatda myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, Owganystany durmuş-ykdysady taýdan galkyndyrmaga, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, şeýle hem döwrüň beýleki möhüm meselelerini çözmäge degişli başlangyçlaryny owgan tarapynyň doly goldaýandygyny aýtdy.

Biz her bir taslama, ilkinji nobatda, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi üçin onuň ykdysady maksadalaýyklygy hem-de täjirçilik bähbidi nukdaýnazaryndan garaýarys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de halkara ulag geçelgeleriniň we elektroenergetika düzüminiň döredilmeginiň hem geljegi uly we bähbitli bolup durýandygyny nygtady.

Goňşy ýurtlary geljekde birleşdirjek iri taslamalaryň biri Türkmenistan —Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygydyr. Onuň ulanmaga tabşyrylmagy oňa gatnaşyjy ýurtlaryň we umuman, Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan ösmegine täze itergi berjekdigi, maýa goýumlary çekmek, beýleki sebitler bilen hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin amatly şertleri döretjekdigi gürrüňsizdir. Biz bu taslama hem Owganystany dikeltmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzyň bölegi hökmünde garaýarys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem ýurdumyzda täze kuwwatly energetika desgalarynyň gurulýandygyny nazarda tutup, Türkmenistanyň geljekde owgan ugruna elektroenergiýanyň iberlişiniň möçberlerini artdyrmaga taýýardygyny belledi.

Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Baştutanyna yzygiderli  berýän kömegi hem-de Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynda iş ýüzünde berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu gün biz geljegiň örän uly TOPH taslamasy, dürli pudaklarda beýleki möhüm başlangyçlaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi görnüşinde Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň ajaýyp netijelerini görýäris diýip, owgan Lideri aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani däp bolan dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de berkidiljekdigine hem-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň we Owganystanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru