Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

0
636
0
0

12-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli halkara forumynyň işine hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif bilen duşuşdy.

Belent mertebeli myhman bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milletiň Liderini Türkmenistanyň Bitarap derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen gutlady hem-de munuň özi Türkmen döwleti üçin uly üstünlikdigini we beýik ýeňişleriniň biridigini aýtdy. Şu babatda sebitleýin hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmeginde  ýurdumyzyň bu halkara-hukuk derejesiniň ähmiýeti hem-de uly orny bellenildi.

Pakistanyň Premýer-ministri pursatdan peýdalanyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatynda eden çuňňur manyly çykyşy hem-de onuň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de Türkmen döwletiniň Merkezi Aziýada durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň berkarar bolmagyna gönükdirilen sebitleýin ýakynlaşmalar üçin tagallalarynyň  aýratyn ähmiýetini nygtady.

Premýer-ministr Mohammad Nawaz Şarifiň nygtaýşy ýaly Pakistanda türkmen Lideriniň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, şeýle hem öňe sürýän parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň  esaslarynyň hemmetaraplaýyn berkemegine gönükdirilen ähli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we olary doly goldaýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri  hem-de halkara giňişliginde berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Pakistana Günorta Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda esasy hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady.

Biziň ýurtlarymyz parahatçylygyň, howpsuzlygyň we özara ynam bildirmegiň pugtalandyrylmagyna, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly ähmiýet berýärler diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdi. Şundan ugur alyp, döwletleriň ikisi halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk, Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ylalaşykly özara hereketleri amala aşyrýarlar. Söhbetdeşler bu barada gürrüňi dowam edip, Owganystanda parahatçylygy dikeltmäge ýardam etmek boýunça tagalla etmegiň möhümdigini bellediler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň okgunly depginini kanagatlanma bilen belläp,  döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýetiniň Türkmenistana hem-de Pakistana dürli derejelerde gazanylan ylalaşyklary diňe bir netijeli durmuşa geçirmäge däl, eýsem, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işjeň işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigi barada bir pikirdediklerini aýtdylar. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijesinde bolsa söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika pudaklaryny, gurluşygy, oba hojalygyny we beýlekileri goşmak bilen dürli ugurlarda netijeli özara gatnaşyklar emele geldi.

Türkmenistanyň Lideri hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň yklymyň iri energiýa geçirijisi bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda-da öz beýanyny tapjakdygyna özara ynam bildirdiler. Eýýäm ertir bu ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegine başlanylmagynyň dabarasynyň boljakdygy bellenildi. Umumy pikire görä,  bu turbageçirijiniň çekilmegi diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan gülläp ösmegine hyzmat etmän, sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň kuwwatly şerti bolup çykyş etjekdigi aýratyn wajypdyr.

Täze taryhy eýýamda deňsiz-taýsyz baýlyk hem-de uly gymmatlyk bolup durýan ajaýyp milli däpleri aýawly saklaýan we  nesilden-nesle geçirilýän iki doganlyk goňşy halkyň ýakynlaşmagynyň kesgitleýji alamaty bolup çykyş edýän ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.

Premýer-ministr Mohammad Nawaz Şarif däp bolan dostlukly türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň umumy bähbitlere laýyklykda mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa jogapkärli işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru