Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş Sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

01:5613.12.2015
0
3256

12-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş Sekretarynyň orunbasary Seko Hirosigeni kabul etdi. 

Mähirli kabul edilendigi we Türkmenistanda geçirilýän dabaraly ýubileý çärelerine gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, jenap Seko Hirosige şanly sene mynasybetli Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň we Premýer-ministri Sindzo Abeniň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden gutlag sözlerini we döwlet Baştutanymyza hem-de tutuş türkmen halkyna bagt, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň ýokary maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ägirt uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň halkara derejede parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna ägirt uly goşant goşandygyny belläp, myhman 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň sebitde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, täze Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň gaýtadan tassyklanmagynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanyň ýurdumyz üçin ykbalçözüji senäniň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany Ýaponiýanyň ýokary ýolbaşçy düzümine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýany dostluk, beýik ynam we birek-birege düşünişmek gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly we netijeli häsiýete eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana resmi saparynyň barşynda kuwwatly itergä eýe bolan hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşine kanagatlanma bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri Türkmenistanyň 2015-2016-njy ýyllarda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygyna başlyklyk ediji ýurt hökmünde yglan edilendigini belledi we Merkezi Aziýada bolşy ýaly, tutuş dünýä üçin açyk ýurt hasaplanýan Türkmenistanda netijeli ösüşiň möhüm meseleleriniň çözgüdi babatda ýola goýulýan sebitleýin gatnaşyklaryň has-da işjeň häsiýete eýe bolmagy ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla etmäge taýýardygyny nygtady.

Gürrüňdeşligiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baş Sekretarynyň orunbasary däp bolan gatnaşyklary uzakmöhletleýin we hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygyny bellediler. Aýdylyşy ýaly, bu babatda iki ýurduň ägirt uly ykdysady, ylym-bilim we medeni mümkinçilikleri bar.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejeli düzümleýin maýa goýumlaryny işjeňleşdirmek, täze tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak, tebigy serişdeleri senagat taýdan gaýtadan işlemek, türkmen ykdysadyýetiniň pudaklaýyn toplumyny, şol sanda ýangyç-energetika ulgamyny köpugurly esasda ösdürmek babatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek     söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Türkmenistanda tebigy gazy gaýtadan işleýän, GTL we gazhimiýa zawodlarynyň gurluşygynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryndaky ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Ylmy barlaglar, Ýaponiýanyň iri ylym-bilim merkezleriniň binýadynda ýurdumyz üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatdaky hyzmatdaşlyk gumanitar gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Şeýle hem köpmüňýyllyk baý taryhy bolan halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny alyşmagyň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Seko Hirosige ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de işjeň häsiýete eýe boljakdygyna, türkmen we ýapon halklarynyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak hem-de birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň