Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

0
1199
7
0

12-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň şanly senesine gabatlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türkiýe  Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Türkiýäniň Baştutany milletiň Liderine myhmansöýerlik hem-de türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy  giňden bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady. Türk Lideri şeýle hem “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, onuň ýokary derejede guralandygyny nygtady. Foruma gatnaşan  hökümet wekiliýetleriniň derejesi we düzümi Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, hyzmatdaşyň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda dünýäniň beýleki döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat doktrinasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan we Türkiýe ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek  üçin  ägirt uly kuwwata eýedir diýip, milletiň Lideri belledi we ondan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady.

Pikir alyşmalaryň barşynda söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini biragyzdan belläp, energetika ulgamynda, şeýle hem ulag-kommunikasiýa ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Türk Lideri Türkiýäniň iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň tarapdary bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belläp, bu örän wajyp we geljegi uly ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, meşhur türk kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, durmuş-medeni ulgamda we beýleki möhüm ugurlarda bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýandygyny belledi. Milletiň Lideri Türkmenbaşydaky Halkara porty, Aşgabat şäherindäki Halkara howa menzilini we beýlekileri aýdyň mysal hökmünde görkezdi. Döwlet baştutanymyz ertir Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berilýändigini nygtap, türkiýeli hyzmatdaşlary oňa gatnaşmaga çagyrdy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda iki döwletiň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň hem-de türkmen we türk alymlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň dostlukly ýurtlarda guralýan ylym we döredijilik forumlaryna gatnaşmagynyň bu ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi. Hususan-da, golaýda Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi nygtaldy.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary şeýle hem sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýar durmuş we abadançylyk arzuw etdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru