Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara maslahatynda sözlän sözi

0
884
0
0

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary!

Hanymlar we jenaplar!

Şu gün şu zalda bütin dünýäden döwlet we hökümet baştutanlary,  parlamentleriň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri bu halkara maslahata   gatnaşmak üçin ýygnandylar. Ilki bilen, gadyrly myhmanlarymyza mähirli salam bilen ýüzlenýärin. Olara şu maslahatyň işine gatnaşmak we türkmen halky bilen bilelikde taryhy senäni – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny bellemek baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Bu halkara maslahata şeýle köp sanly wekiliýetleriň gatnaşmagyna doly esas bilen Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde garaýarys. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen garaýyşlarymyzyň we maksatlarymyzyň umumydygynyň aýdyň mysaly hökmünde baha berýäris.

Biz siziň ähliňizi Aşgabatda görýändigimize örän şat. Size ýurdumyzyň halkynyň adyndan: “Türkmenistana hoş geldiňiz!» diýip ýüzlenýärin.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Şu gün, 20 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etdi. Bu taryhy resminamany     taýýarlamagyň we kabul etmegiň dürli döwürlerinde onlarça döwletler bize örän ýokary syýasy we ruhy goldaw berdiler.

Men 1995-nji ýylyň mart we oktýabr aýlarynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ýurdumyza  goldaw beren Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlere, şeýle hem Goşulmazlyk Hereketine gatnaşýan ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk  sözlerini aýtmak isleýärin. Bu döwletleriň beren goldawy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň möhüm şerti boldy.

Şeýle hem şu gün Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisine, bu Guramanyň Sekretariatyna, biziň teklibimizi goldandyklary we düşünmek bilen kabul edendikleri üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Şol döwürde biziň öňümizde kyn wezipe  durýardy. Hakyky garaşsyzlyk ýoluna düşen islendik ýurt gysga möhletde örän köp sanly meseleleri çözmeli bolýar. Täze şertlerde öz ornuny tapmaly bolýar, taryhyň öz öňünde goýýan anyk wezipelerini çözmeli bolýar. Garaşsyzlygyna eýe bolan döwlete halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyň ýoluny kesgitlemek zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, daşary syýasat ugruny saýlap almak meselesi Türkmenistan üçin iň esasy we kyn meseleleriň biri boldy.

Biziň öňümizde ýurdumyzyň daşary syýasat ugry nähili bolmaly, dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklary nähili ýola goýmaly, hyzmatdaşlygy haýsy kadalara laýyklykda ösdürmeli? – diýen sowallar durdy.   

Türkmen döwletiniň, garaşsyzlygymyzyň we özygtyýarly ösüşimiziň ykbaly biziň dogry ýoly saýlap almagymyza köp derejede baglydy. Daşary syýasat ugrunyň saýlanyp alynmagynda goýberilen ýalňyşlyklar käbir döwletleriň özbaşdaklygyny ýitirmegine, öz milli ösüşiniň hakyky maksatlaryna gabat gelmeýän ugurlara çekilmegine getirdi.  Taryhda muňa köp sanly mysallaryň bardygyny    häzir aç-açan aýdyp bileris.

Biz daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk diýip atlandyran ugrumyzy saýlap aldyk. Parahatçylyk söýüjiligi, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlygy, olaryň özygtyýarly ösüş ýoluna we çäk bitewüligine hormat goýmagy, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlygy daşary syýasat ugrumyzyň esasy düzgünleri hökmünde kesgitledik.

Biz näme üçin şeýle ýoly saýlap aldyk?   

Ilkinji nobatda, elbetde, biz ýurdumyzyň milli bähbitlerinden ugur aldyk. Ýaş türkmen döwleti öz goňşy ýurtlary bilen parahatçylyga we agzybirlige eýerip hyzmatdaşlyk etmek isleýärdi. Dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamagy, özara bähbitli ykdysady, söwda  gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýärdi. Diňe şeýle şertlerde mähriban halkymyzyň asudalygyny we abadançylygyny üpjün edip, ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşiň maksatnamalaryny ýerine ýetirip boljakdygyna biz berk ynanýardyk.

Biziň çäk ýa-da beýleki meseleler babatda hem hiç bir döwlet bilen dawamyz bolmandy we häzir hem ýok. Biz halkara syýasatda özbaşdak ösüş ýolumyzy bütinleý täzeden başlamak barada karara geldik. Şoňa görä-de, goňşy ýurtlara we bütin dünýä dostluk gollaryny uzadyp, hyzmatdaşlyk etmek üçin  açykdygymyzy görkezdik. Bitaraplyk biziň öz öňümizde goýan şol meýilnamalarymyzy we maksatlarymyzy durmuşa geçirmek üçin iň amatly ýola öwrüldi. Türkmen   döwletiniň daşary syýasatynyň mazmunyna has doly laýyk gelýän özboluşly nusga boldy.

Islendik döwletiň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen aýrylmaz baglydygyna berk ynanýaryn. Islendik ýurduň dünýä giňişliginde yglan eden maksatnamalarynyň we iş ýüzündäki ädimleriniň mazmunyna, daşary syýasat ugrunyň filosofiýasynyň düýp manysyna düşünmegiň açary şol özara baglanyşykda jemlenýär. Türkmen döwleti öz içerki durmuşynda parahatçylyk söýüjilik, jemgyýetde agzybirlik, sabyrly garaýyşlara eýermek we ynsanperwerlik kadalaryny yglan edýär we durmuşa geçirýär. Şol düşünjeleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynda hem netijeli ulanýar.

Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bitaraplygy içerki döwlet gurluşynyň berk ruhy binýadyna esaslanýar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygy     türkmen halkynyň iň oňat däpleriniň özboluşly dowamydyr we aýdyň ýüze çykmasydyr.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biziň gelen bu kararymyzyň oýlanyşykly we öňden görüjilige esaslanyp gelnen karardygyny wagt anyk görkezdi. Geçen 20 ýyl Türkmenistanyň bitarap, parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugrunyň diňe bir milli bähbitlere däl-de, eýsem dünýä bileleşiginiň uzak möhlete niýetlenen maksatlaryna hem doly gabat gelýändigini aýdyň subut etdi. Halkara derejede durnukly ýagdaýy we howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli işleri alyp barmagyň we oýlanyşykly çemeleşmegiň ölçeglerine, döwletara  gatnaşyklaryň esasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna doly laýyk gelýändigini görkezdi. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Bu bolsa biziň özygtyýarly saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Bu resminamada Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna goldaw berilýändigi, Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişlikde ylalaşdyryjy, parahatçylygy     goldamaga esaslanýan netijeli ornunyň ykrar edilýändigi beýan edildi.

Türkmenistanyň strategik maksatlary ählumumy ösüşiň wezipelerine we möhüm talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça bilelikdäki halkara tagallalaryň häsiýetini we ugruny kesgitleýär.  Siziň bilşiňiz ýaly, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň       howandarlygynda Täjigistanyň we Owganystanyň içerki dawalaryny syýasy ýollar bilen çözmek  boýunça gepleşikler geçirildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiliklerini sebitde ýene-de bir gezek netijeli ulanmak zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan bu ugurda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen düzgünleşdirmek, ýaraglaryň möçberlerini azaltmak we ýaragsyzlanmak boýunça sebit derejesinde alnyp barylýan işlere    ýardam bermegi maksat edinýär. Suw-energetika meselelerini ähli taraplaryň    bähbitlerini göz öňünde tutup çözmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly örän möhüm meselelerde Birleşen Milletler Guramasynyň  ygtybarly hem-de netijeli hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny beýan edýär.

Bu meseleleri çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş  diplomatiýasy boýunça sebit merkezine aýratyn orun degişlidir. Siziň bilşiňiz ýaly, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän bu merkez sebitiň ähli döwletleriniň goldaw bermeginde dünýä bileleşigi tarapyndan 2007-nji ýylyň dekabr aýynda döredildi. Şol döwürden başlap, sebitde ylalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere täze uly itergi berildi. Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda döwletleriň özara hyzmatdaşlyk etmeginiň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler açyldy. Bu ugurda alnyp barylýan işlerde Birleşen Milletler Guramasynyň ägirt uly abraýyna, dawaly ýagdaýlary düzgünleşdirmekde toplan baý tejribesine daýanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu sebit merkeziniň işiniň çäklerinde diplomatlaryň we bilermenleriň gatnaşmagynda köptaraply gepleşikleri geçirmek we maslahat bermek boýunça netijeli usuly ýola goýmak maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris. Bu usul sebitiň durmuş-ykdysady ösüşi bilen bagly ýüze çykýan meseleleri ylalaşmaga ýardam bermäge     gönükdirilmelidir. Öňüni alyş diplomatiýasynyň usullarynyň diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda netijeli işläp, anyk netijelere getirip biljekdigini tejribe görkezýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň  şertlerinden ugur alýar we ýurdumyzyň geljekki ösüşini kesgitleýär. Bitaraplyk Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi üçin täze, ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly we ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolmagynda galýar. Biziň üçin Birleşen Milletler Guramasy diňe bir iň köp wekilçilikli halkara gurama bolmak bilen çäklenmeýär. Biz bu gurama bütin dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň tutuş häzirki zaman ulgamynyň daýanjy hökmünde seredýäris. Dünýäde parahatçylygy we bähbitleriň deňligini saklamagyň hem-de goldamagyň, howpsuzlyk binýadynyň durnukly bolmagyny üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýarys.

Dünýäde emele gelen häzirki täze şertlerde, Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde dartgynlylygyň ýokarlanýan döwründe biz Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň belent ynsanperwer maksatlarynyň hem-de kadalarynyň halkara gatnaşyklarda hukuk we ruhy taýdan daýanç bolup galmalydygyna berk ynanýarys.

Häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň birnäçesi Türkmenistanda hemişelik esasda işleýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasyny,     Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissaryň müdirligini, Çagalar gaznasyny, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyny, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligini, Ilat gaznasyny görkezmek bolar. Biz bu edaralar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Bu hyzmatdaşlyk yzygiderli esasda amala aşyrylýar. Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys. Biz Birleşen Milletler Guramasyna dürli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly ýurdumyza berýän goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Türkmenistan bu abraýly gurama bilen bilelikde parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmegiň hatyrasyna geljekde hem ähli zerur  tagallalary eder.

Şeýle hem biz halkara terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barjakdygymyzy tassyklaýarys. Goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolmagynda galar. Bizi goňşy döwletler bilen gadymy döwürlerden gözbaş alýan taryhy we medeni gatnaşyklar, özara düşünişmegiň hem-de birek-birege hormat goýmagyň ajaýyp däpleri baglanyşdyrýar.

Häzirki döwürde biz goňşy ýurtlar bilen bilelikde giň gerimli energetika we ulag taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýäris. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň gülläp ösmegine we öňe gitmegine uly itergi berer, bu döwletleriň dünýä ösüşine doly goşulmagynda  möhüm ähmiýete eýe bolar diýip pikir edýäris. Şunuň bilen baglylykda, biz parahat durmuşy üpjün etmekde owgan doganlarymyza ýardam etmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ýurtda giň gerimli milli hyzmatdaşlyk esasynda ykdysadyýeti dikeltmäge, çylşyrymly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly düzgünleşdirmäge uly üns berýäris. Biziň ýurdumyz Owganystana   kömek bermegini mundan beýläk-de dowam eder. Owgan topragynda parahatçylygy we ylalaşygy   gazanmak üçin halkara bileleşigiň tagallalaryny hemişe goldar.

Biz Hazar deňzi bilen bagly ähli meseleleri çözmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi doly goldaýarys. Bu ugurda esasy wezipe ähli Hazarýaka döwletleriň deňhukukly we birek-birege hormat goýmagy esasynda Hazar deňzinde howpsuzlygy berkitmekden ybarat bolmalydyr.

Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk, hoşniýetli goňşuçylyk we halkara derejede netijeli hyzmatdaşlyk deňzi bolandygyna, bolup durýandygyna we geljekde hem şeýle boljakdygyna berk ynanýaryn.

Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlary bilen gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Bu döwletler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk wagtyň synagyndan geçdi we netijelidigini subut etdi. Biz dünýäniň dürli döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkideris we ösdüreris.

Şunuň bilen baglylykda, soňky döwürde Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da işjeň alnyp   barylýandygyny bellemek isleýärin.

Häzirki döwürde Türkmenistan Ýewropa Birleşigi bilen hem köpugurly we netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Bu gatnaşyklar soňky döwürde yzygiderli we anyk maksada gönükdirilen häsiýete eýe boldy. Biz Ýewropa Birleşigi bilen syýasy  gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny goldaýarys. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň  giňelýändigine ýokary baha berýäris.

Häzirki döwürde Günbatar ýarym şarynyň döwletleri bilen has işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin gowy mümkinçilikler açylýar diýip hasap edýäris. Biz Afrika kontinentiniň döwletleri bilen   hyzmatdaşlyk etmegiň anyk mümkinçiliklerini hem üns berip we gyzyklanmak bilen öwrenýäris.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Bitarap Türkmenistan daşary syýasy gatnaşyklaryny köp ugurlar boýunça giň gerim bilen alyp barýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Biziň ýurdumyz ösüş strategiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen yzygiderli amala aşyrýar. Netijede, biz soňky ýyllarda öz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlarda birnäçe iri turba geçirijileri gurmak boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik.

Häzirki döwürde biz ýene-de bir iri energetiki taslamany amala aşyrmaga – Türkmenistan —   Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişýäris. Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny dünýäniň dürli  döwletlerindäki hyzmatdaşlarymyz, örän iri maliýe edaralary, ilkinji nobatda bolsa, Aziýanyň Ösüş    banky goldaýar. Bu bolsa taslamanyň möhüm ähmiýetiniň bardygyna düşünmek bilen garalýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Nesip bolsa, biz ertir bu gaz geçirijiniň ýurdumyzdan geçýän böleginiň gurluşygyna badalga bereris.

Türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermegiň taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hem işjeň we netijeli gepleşikler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň      gatnaşmagynda durmuşa geçirilen we amala aşyrmak göz öňünde tutulýan ähli taslamalaryň hiç hili geosyýasy garaýyşlary ýa-da sebäpleri maksat edinmeýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Bu taslamalar öz çäklerinden gaz geçirijiler geçýän ähli ýurtlar üçin diňe ykdysady we täjirçilik bähbitler göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Bu bolsa biziň Bitarap döwletimiziň şol oňyn maksatlara esaslanýan düýpli garaýşydyr. Biz şeýle garaýşa geljekde hem berk eýereris.

Türkmenistanyň sebit we kontinent derejelerinde halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlary hem häzirki döwürde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ulag üpjünçilik ulgamlaryny döwletleriň we halklaryň ösüşiniň hem-de öňe gitmegiň bähbitlerine, halkara hyzmatdaşlygyny durnukly ösdürmäge gönükdirmegi biziň ýurdumyz döwrüň möhüm meselesi hasaplaýar. Bu ulgamlara bütin dünýäde durnukly ösüşiň maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň zerur şerti hökmünde garaýar.

Bu ugurda uly üstünlikleri gazanmaga, bilelikdäki halkara taslamalary netijeli durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň köp babatda mümkinçilik berendigini aýratyn bellemek isleýärin.  Biz ykdysady hyzmatdaşlygy hiç wagt syýasylaşdyrmaýarys we şeýle maksady öz öňümizde goýmaýarys. Biziň bu garaýşymyza hyzmatdaşlarymyz düşünmek bilen garaýarlar we ýokary baha berýärler. Bu bolsa dürli ýurtlar we kompaniýalar bilen deňhukukly esasda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik açýar. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz halkara hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan anyk we düýpli ýörelgelere eýerýär. Şundan ugur alyp, öz uzakmöhletli daşary ykdysady strategiýasyny emele getirmek boýunça zerur işleri alyp barýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Häzirki döwürde biz Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmekde oňyn tejribe topladyk. Şoňa görä-de, Bitaraplyk ýörelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna gowy düşünýäris. Biz halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk  ýörelgesiniň ylmy-nazary esaslaryny we tejribesini netijeli ulanmaly diýip hasap edýäris. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan, anyk   maksada gönükdirilen we ulgamlaýyn işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmeli diýip pikir edýäris.

Şundan ugur alyp, Türkmenistan halkara   hukukda we halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Halkara merkezi döretmek meselesine seretmegi teklip edýär.

Şeýle hem, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara ähmiýetiniň ýokarydygyny bellemek isleýärin. Parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, ählumumy ösüşi üpjün etmekde Bitaraplyk düýpli esaslaryň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmek baradaky başlangyç bilen resmi taýdan çykyş edýär. Şu meselede Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň bizi goldajakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biziň ýurdumyz Bitaraplygynyň şanly baýramyny dünýä bileleşigindäki dostlary we hyzmatdaşlary bilen bilelikde parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek esasynda giňden belleýär. Biz öz geljegimizi we öňümizde durýan   wezipeleri aýdyň görýäris.

Döwletimiziň saýlap alan we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge   gönükdirilen köpugurly syýasaty geljege uly ynam bilen garamaga bize doly mümkinçilik berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap, parahatçylyk söýüji Türkmenistan Ýer ýüzünde asudalygy we howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde hem ähli zerur işleri amala aşyrar. Adamzadyň ösüşine we öňe gitmegine öz mynasyp goşandyny goşar.

Gadyrly dostlar! Siziň ähliňizi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden    gutlaýaryn. Bu baýram biziň umumy baýramymyzdyr. Şoňa görä-de, bu şanly baýramy siziň bilen – dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen, garaýyşlarymyz we gymmatlyklarymyz umumy bolan hyzmatdaşlarymyz hem-de pikirdeşlerimiz bilen, dostlarymyz we  doganlarymyz bilen bilelikde belleýändigimize  buýsanýarys.

Hormatly Maslahata gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Siziň şu maslahatyň işine işjeň gatnaşmagyňyz we manyly çykyşlaryňyz  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň, biziň döwletimiziň daşary syýasatynyň häzirki wagtda giň halkara jemgyýetçiligiň gyzyklanmasyna  mynasyp bolýandygynyň subutnamasydyr. Aýdylan teklipler,  peýdalanylyp bilinjek pikirler nazara alnar, zerur bolsa, biziň işimizde ulanylar. Biz daşary ýurt tejribesini döredijilikli peýdalanmak babatynda giňden pikir alyşmak üçin açykdyrys, dürli garaýyşlary kabul etmäge taýýardyrys. Bu babatda şu maslahatymyz uly ähmiýete eýedir. Bitaraplyk – bu  üýtgewsiz görnüş däldir, durmuşa ukyply, döredijilikli hereket bolup, syýasy, ykdysady, taryhy we medeni ugurlary öz içine alýar. Şunuň ýaly pikir alyşmalaryň barşynda bitaraplygyň täze sepgitleri açylýar, dürli  ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara gepleşikleri geçirmegiň tejribesi baýlaşdyrylýar.

Şu maslahat bilim babatynda hem möhüm ähmiýete eýedir. Şu günki aýdylan teklipler we pikirler, çykyşlar okuw kitaplaryna giriziler, halkara ugur boýunça bilim alýan talyplar – geljekki diplomatlar, ykdysatçylar, ýuristler we žurnalistler olary üns bilen öwrenerler. Bu maslahatyň syýasatşynaslygy, halkara gatnaşyklaryň nazaryýetini we tejribesini ösdürmekde uly goşant boljakdygyna ynanýaryn, häzirki döwrüň sebit we ählumumy ösüşiniň nukdaýnazaryndan Bitaraplygyň ähmiýetini giňden we ýokary derejede ara alyp maslahatlaşmak döwletleriň özara düşünişmegine, garaýyşlaryň ýakynlaşmagyna, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täzeçe nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam berer.

Türkmenistan şu maslahaty çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edende, hut şol ýörelgelerden ugur aldy. Bularyň ählisi ýakyndan özara düşünişmäge, parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmek işlerine ýardam berer.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Parahatçylyk söýüjilik, hyzmatdaşlyk, özara hormat — bu ýörelgeler      Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr, beýleki döwletler, halkara guramalar bilen içgin pikir alyşmaga hemişe taýýardyr. Hormatly dostlar, maslahata gatnaşandygyňyz üçin köp sagbolsun aýdýaryn.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru