Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Bitaraplygyň 20 ýyllyk şanly baýramy bilen gutlady

10:3412.12.2015
0
11174

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

 

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi halkara ähmiýetli taryhy waka — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu beýik hem-de şanly sene mynasybetli ýokary derejede geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň mähriban halkymyzyň kalbynda asuda we abadan durmuşa, täzelenişe we döredijilige, ynsanperwerlige hem-de dost-doganlyga ajaýyp guwanç we buýsanç duýgularyny döretjekdigine berk ynanýaryn!

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan örän möhüm seneleriň biridir. Mundan ýigrimi ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu şanly sene mynasybetli şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Türkmen bitaraplygyna bagyşlanyp, döwletimizde we daşary ýurtlarda halkara derejesinde dürli çäreler geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilmegi, şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara maslahata dünýäniň onlarça döwletinden ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagy hem parahatçylyk söýüjilik syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Eziz watandaşlar!

Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga oňyn täsir edýär.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine elmydama ygrarlydyr. Ýurdumyz bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň öz daşary syýasatynyň özeni bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny iş ýüzünde hemişe subut edip gelýär. Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak, aýratyn-da, halkara hyzmatdaşlygynyň täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek boýunça uly tejribe toplady hem-de parahatçylygyň merkezine öwrüldi. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen dürli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde alnyp barylýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biziň döwletimiziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi netijesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly teklipleri, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlary dünýäde giň goldawa eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine ynamly goşulýar. Bu ugurda häzirki zamanyň iň uly taslamalary bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, Gazagystan —Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna hem-de durnukly ösüşiň gazanylmagyna ýardam berýär. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda gurluşygyna badalga berilýän  Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem sanlyja ýyllardan sebitiň ykdysady ösüşine, dost-doganlyk gatnaşyklaryna täze, kuwwatly itergi berer, abadançylygy we ynsanperwerligi pugtalandyrar.

Biz bütin dünýäde parahatçylyga esaslanýan, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek bilen birlikde, halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Eziz Diýarymyzyň obalary, şäherçeleri, etraplardaky şäherleri we etrap merkezleri abadanlaşdyrylýar. Ýokary hilli, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary bina edilýär, täze senagat toplumlary döredilýär. Alnyp barylýan bu tutumly işler beýik maksada — baky Bitarap Watanymyzyň durnukly ykdysady ösüşine, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt hem-de eziz Watanymyzyň ösüşleriň has ýokary belentliklerine ýetmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende galsyn!

 

Türkmenistanyň Prezidenti                                               

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň