Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

10:3112.12.2015
0
2733

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Yslam ösüş bankynyň (YÖB) prezidenti Ahmed Mohamed Ali Al-Madanini kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip,  türkmen Liderini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady hem-de türkmenistanlylara parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. YÖB-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigini belläp, bitaraplyk derejesiniň milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolandygyny belledi. Halkara-hukuk nukdaý nazaryndan Bitaraplyk daşary ýurt maýalaryny döwlet we halkara ähmiýetli taslamalary işläp taýýarlamaga çekmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýär.

Ahmed Mohamed Ali Al-Madani ikitaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, türkmen Liderine bu şanly senä bagyşlanan Halkara maslahatyna gatnaşmaga çakylygy üçin  tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa ösüş bankynyň ýolbaşçysyny mübärekläp, abraýly halkara maliýe düzüminiň wekilini kabul edýändigine şatdygyny nygtady. Türkmenistany bu maliýe düzümi bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Döwlet Baştutany milli we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň ençemesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ahmed Mohamed Ali Al-Madanä Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň maliýeleşdirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Daşary syýasat meýilleriniň oýlanyşykly we parahatçylyk söýüjilik häsiýetine eýe bolmagy, öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerilmegi, harby ýagdaýlaryň islendik görnüşlerine gatnaşmazlygyň  kepili – bularyň ählisi milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary depginleri bilen bilelikde ýurdumyza daşary ýurt maýasynyň çekmäge ýardam edýär diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistan adam başyna düşýän göni daşary ýurt maýasynyň  derejesi boýunça has amatly maýa goýum ýagdaýly ýurtlaryň hataryna girýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belledi.  Hususan-da, döwlet Baştutany ýakyn günlerde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň giň möçberli taslamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga beriljekdigini belläp,  Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçylygynda bu taslama gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň barşynda türkmen Lideri we  YÖB-niň ýolbaşçysy gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny hem-de onuň has netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda çalyşýandyklaryny beýan edip, täze bilelikdäki maksatnamalary amala aşyrmaga çemeleşmeleri ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Ahmed Mohamed   Ali Al-Madani Yslam ösüş bankynyň häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli täze maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Şunda abraýly maliýe düzüminiň ýolbaşçysy ägirt uly TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady. Bu möhüm taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi diňe bir sebit möçberinde däl, eýsem, dünýä möçberinde ähli ugurlarda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.  

Duşuşygyň ahyrynda Prezident we myhman taraplaryň  bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň