Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi

10:2012.12.2015
0
2782

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenkony kabul etdi.

Türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Türkmenistabyň Prezidentine umumymilli baýramçylyk mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedýewiň mähirli gutlaglaryny,  milletiň Liderine we tutuş türkmen halkyna aýdan parahatçylyk, abadançylyk hem-de täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen paýtagtynyň sazlaşykly ösüşine haýran galýandygyny beýan edip, Walentina Matwiýenko daşary ýurtlarda hem Türkmenistanyň ösüşiniň ähmiýetiniň bellenilýändigini aýtdy. Ýurduň ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda we ruhy-medeniýet pudagynda hem-de halkara giňişliginde uly üstünlik gazanmagynda hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti uludyr. Russiýa ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini ykrar edip, ýurduň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldady we mundan beýläk-de goldar diýip, myhman aýtdy.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutany Russiýanyň ýokary ýolbaşçy düzümine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy, şeýle hem baýramçylyk mynasybetli halkara maslahatyna russiýaly myhmanyň gatnaşýandygyna kanagatlanma bildirdi.  Türkmen halkyna bagtly, parahat  ýaşaýşy we dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly esasda “Açyk gapylar” syýasatyny ýola goýmaga mümkinçiligi bagyş eden Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň 20 ýyllygynyň biziň ýurdumyz üçin şanly waka bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda köpasyrlyk dostluk, birek-birege düşünişmek we iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna daýanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýedigini nygtady. Ýokary derejede guralýan yzygiderli duşuşyklar, şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň netijeli işi gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirdi.

Duşuşygyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  we Walentina Matwiýenko hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyklary ähli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, oba hojalygy, himiýa we gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk we başga-da birnäçe ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Milletiň Lideriniň we myhmanyň  aýdyşlary ýaly, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň iri şäherleri we sebitleri, şol sanda Astrahan we Swerdlow oblastlary, Tatarystan Respublikasy,  Sankt-Peterburg şäheri bilen ýola goýýan gatnaşyklary döwletara hyzmatdaşlygynyň üstüni ýetirýär we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Işewür toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän maslahatlar, biziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergileri we olaryň tanyşdyryş dabaralary onuň aýdyň subutnamasydyr. Iki ýurduň sebitleriniň derejesindäki köpugurly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselesi gürrüňdeşligiň esasyny düzdi.

Ylym, bilim ugurdaky gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak  bilen baglanyşykly meseleler ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenko iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny netijeli hem-de uzakmöhletleýin esasda artdyrmaga hem-de pugtalandyrmaga bolan meýillerini tassykladylar.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin gatnaşdy.

***

Şeýle hem şu gün Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda ýurt we sebitleýin derejede ýola goýulýan  parlamentara gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň