Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidentini kabul etdi

0
460
3
0

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansarini kabul etdi.

Türkmen topragynda bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanyna Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pranab Mukerjiniň,  Premýer-ministri Narendra Modiniň adyndan we tutuş hindi halkynyň adyndan şanly sene mynasybetli iberen gutlaglaryny ýetirdi. Jenap Mohammad Hamid Ansariniň belleýşi ýaly, Hindistanda Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna we milletň Lideriniň parahatçylygyň esaslaryny, durnuklylygy we ählumumy abadançylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär we olar giň goldawa eýe bolýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçy düzümine hoşniýetli jogap sözlerini aýdyp, Hindistany Türkmenistan bilen çuňňur taryhy, ruhy we medeni kökleriň baglanyşdyrýandygyny we biziň döwletimizde bu ýurt bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar, dokma senagaty we başga-da birnäçe pudaklar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Şunlukda şu ýylyň iýul aýynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň biziň ýurdumyza bolan resmi  saparynyň barşynda syýahatçylyk, sport, ýoga we adaty lukmançylyk ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekilmegi döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi berdi. Ylym we tehnologiýalar babatda 2015-2017-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasy kabul edildi.

Ýangyç-energetika toplumyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüşi boýunça hem pikir alyşmalar boldy. Şunlukda, ýakyn günlerde gurluşygyna badalga beriljek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň  taslamasyna möhüm orun degişlidir.   

Gaz geçirijiniň gurluşygy bu taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin ykdysady taýdan bähbitli bolar diýip bellemek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH-nyň Aziýa sebitiniň döwletleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine we ählumumy energetika howpsuzlygynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşjakdygyny, onuň Ýewraziýa yklymynda parahatçylygyň, dostlugyň we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň köprüsine öwrüljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu taslamany goldandygy we onuň taýýarlygynyň ähli tapgyrlaryna işjeň gatnaşandygy üçin Hindistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Hindistanyň bu möhüm taslama bolan gyzyklanmasyny tassyklap, jenap Mohammad Hamid Ansari öz ýurduna türkmen tebigy gazynyň ugradylmagynyň tarapdarydygyny nygtady. Munuň özi sazlaşykly ösýän hindi ykdysadyýetiniň energiýa göterijilere bolan ösen islegleri bilen şertlenendir.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary we bu şanly senä bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ikinji Kararnamasyny kabul etmegi ýurdumyzyň hukuk derejesini tassyk etdi diýip belledi. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşyň ähli ulgamlarynda, şol sanda halkara giňişliginde uly üstünlik gazanýan türkmen döwletiniň ösüşinde mynasyp goşandynyň bardygyny belläp, jenap Mohammad Hamid Ansari Türkmenistanyň Bitaraplyk tejribesine tutuş dünýäde uly gyzyklanma  bildirilýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti däp bolan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taraplaryň hoşniýetli erkine we gyzyklanmalaryna daýanmak arkaly  netijeli hyzmatdaşlygyň iki döwletiň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru