Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýetiniň Baştutany işläp başlady

0
87
0
0

11-nji dekabrda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetiniň Baştutany jenap Haýnsýork Haberden Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi derejesinde ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanynyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlap, Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Myhman gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýewropa Bileleşiginiň Prezidenti Donald Tuskuň hem-de Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti Žan-Klod Ýunkeriň mähirli salamyny ýetirip, Ýewropa Bileleşiginiň häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän hem-de sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary netijeli we parahatçylyk döredijilik kuwwatyny görkezýän Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Durmuşa geçirilen taslamalaryň onlarçasy we häzir amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar hem-de maksatnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Myhman şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça tejribesi bilen tanyşdyryldy. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýetiniň Baştutany jenap Haýnsýorg Haber umumy maksatlara hem-de wezipelere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň we Ýewropa ýurtlarynyň halklarynyň has-da ýakynlaşmagy hem-de özara düşünişmegi, bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru