Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

10:0012.12.2015
0
2614

11-nji dekabrda Aşgabatda türkmen döwletiniň taryhyndaky şanly senäniň – ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guran ýarmarkasynda iki dostlukly ýurduň milli ykdysadyýetleriniň esasy pudaklarynyň kärhanalarynda öndürilýän harytlaryň köp görnüşleri hödürlenilýär.

Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary,  Mejlisiň ýolbaşçylary, esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, Türkmenistanyň hem-de Belarusuň telekeçilik düzümleriniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Türkmen paýtagtyna dowam edýän saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Sergi köşgüne baryp gördi. Munuň özi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň netijeli şertleriniň biri hökmünde şu sergi-ýarmarkasynyň ähmiýetini nygtady. Sergi bilen tanyşlygyň barşynda dostlukly ýurduň Lideri belarus tarapynyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, şu sergi-ýarmarkanyň bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, tejribe hem-de döwrebap tehnologiýalaryň alşylmagyna täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Sergi köşgünde Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” atly kitabynyň belarus dilinde neşir edilen nusgasy gowşuryldy. Bu kitap “Zwezda” neşirýat öýi tarapyndan belarus diline terjime edildi we “Poligrafkombinat imeni Ý.Kolosa” açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan neşir edildi.

Belarus Respublikasynyň döwlet düzümleriniň, kärhanalarynyň, hususy kompaniýalarynyň 110-dan gowragy bu ýerde öz önümlerini hödürleýärler.

Belarus Respublikasynyň et-süýt senagatynyň iri kärhanalary azyk harytlarynyň uly sanawyny teklip edýärler. Olaryň hatarynda Lidskiý süýt-konserwa kombinaty, “Belowežskiýe syry” bilelikdäki açyk paýdarlar jemgyýeti, “Molodeçenskiý pişşewoý kombinat” kärhanasy, “Glubokskiý moloçno-konserwnyý kombinat” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Sawuşkin produkt” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Babuşkina krynka” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Mogilewhleboprodukt” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Inko-Fud” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti, “Berezowskiý mýasokombinat” açyk paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler bar.

“Santo Bremor” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň, “Belryba” açyk paýdarlar jemgyýetiniň pawilýonlary hem önümleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu kärhanalar, esasan hem, balygy gaýtadan işlemek bilen meşgullanýarlar.

“Kommunarka” bilelikdäki açyk paýdarlar jemgyýeti, “Krasnyý pişşewik” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Spartak” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Konditerskaýa fabrika “Slodyç” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Buloçno-konditerskaýa fabrika “Domoçaý” açyk paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler süýji naz-nygmatlaryň köp görnüşlerini – süýjüleri, zefir, halwa, pastila, marmelad, şokolad, köke, wafli we beýleki önümleri hödürleýärler. Olaryň önümleriniň köpdürlüligi sergi-ýarmarka gelýän islendik adamy haýran galdyryp biler. Bu iri kärhanalar eýýäm uzak ýyllaryň dowamynda Belarus Respublikasynyň süýji-köke bazarynda öňdäki orunlary eýeläp gelýärler.

Çagalar iýmiti üçin gury süýt önümlerini öndürýän “Bellakt” açyk paýdarlar jemgyýeti hem sergi-ýarmarkada öz önümlerini hödürleýär.

 “Brestgazoapparat” açyk paýdarlar jemgyýetiniň pawilýonlary hem sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Bu holding GEFEST kysymly gaz, gaz elektrik enjamlaryny, elektrik plitalaryny hem-de howa arassalaýjy tehnikany öndürmek bilen meşgullanýar.

Maşyngurluşygy Belarus Respublikasynyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistana iberilýän Belarus tehnikalarynyň, maşynlarynyň, tekerleriniň hem-de dürli maksatly enjamlarynyň sanawy ýylsaýyn giňelýär we artýar. Şu sergide Belarusuň meşhur maşyngurluşyk kärhanalary wekilçilik edýärler. Olar uly ýük göterýän “BelAZ” awtoulaglaryny, “Belarus” traktorlaryny, “MAZ” ýük awtoulaglaryny, “Belşina” tekerlerini öndürýärler. Bu ýerde “Gomselmaş”  açyk paýdarlar jemgyýetiniň hem-de Gomeliň wagon abatlaýjy zawodynyň işi bilen tanyşmak bolýar. Olar öz önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny barha giňeldýärler.

Gurluşyk serişdelerini öndürmek belarus ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Sergi-ýarmarkada bu pudaga Belarus Respublikasynyň Arhitektura we gurluşyk ministrligi, şeýle hem degişli kärhanalaryň ençemesi öz önümleri bilen wekilçilik edýärler.

Agaçlaryň gymmatly görnüşlerinden gapylaryň, parketleriň we plintuslaryň dürli görnüşlerini öndürýän kärhanalaryň önümleri hem giňden görkezilýär. Belarus Respublikasynyň agajy gaýtadan işleýän esasy kärhanalary – “Gomeldrew” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Minskmebel” açyk paýdarlar jemgyýeti hem öz önümlerini görkezýärler. Olar ekologiýa taýdan arassa serişdeleri we ýokary hilli enjamlary ulanmak bilen mebelleriň dürli görnüşlerini öndürýärler.

Mälim bolşy ýaly, Belarus Respublikasynda eksport ugurly ýeňil senagatynyň kärhanalarynyň 500-e golaýy bar. “Orşanskiý lnokombinat” kärhanasy, “Lenta” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Milawisa” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Komintern” açyk paýdarlar jemgyýeti we beýleki kärhanalar köp ýyllaryň dowamynda öz önümlerini daşary ýurtlara iberýärler.

Türkmenistanyň döwlet we hususy önüm öndürijileriniň 80-den gowragy ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň köp görnüşlerini görkezdiler. Bu harytlar daşary ýurtlarda öndürilýän önümler bilen mynasyp bäsleşip bilýär. Hödürlenen harytlaryň sanawynda eksport ugurly önümler – trikotaž we jinsi matalary, dürli taýýar tikin hem-de dokma önümleri, türkmen halylary, himiýa senagatynyň we beýleki pudaklaryň önümleri aýratyn orun eýeleýär.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň önümçilik edaralary hem bar. Olar derman serişdelerini, bejeriş – naharhana suwlaryny, bejeriş palçygyny we deňiz duzuny, ýod taýajyklaryny hem-de ýod galamlaryny we beýleki önümleri öndürýärler. Türkmenistanyň çäginde ösýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda öndürilýän melhemlik çaýlar hem sergi-ýarmarka gelýänleriň ünsüni çekýär.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrligi, Döwlet azyk senagaty birleşigi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi sergi-ýarmarkasynda et, süýt, süýji-köke, çörek-bulka önümlerini, içgileri, obasenagat toplumynyň harytlaryny hödürleýärler.

Şu sergi-ýarmarkasynda pawilýonlaryň uly bölegi ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk kärhanalaryna berildi. Bu ýerde görkezilen harytlaryň ählisi ýokary hilliligi hem-de diňe ekologiýa taýdan arassa çig maldan öndürilendigi bilen tapawutlanýar. Bu önümleriň ählisi halkara bäsleşiklerinde köp sanly baýraklara mynasyp boldular.

Sergi-ýarmarkasy 13-nji dekabra çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň