Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

01:3812.12.2015
0
2977

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý  Margwelaşwili bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyny mübärekläp, Türkmenistana gelmek hem-de şanly senä bagyşlanan ýokary derejedäki Halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin gruziýaly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.  Döwlet Baştutany biziň syýasatymyzyň esasy ýörelgesiniň parahatçylygy hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdygyny aýdyp, taraplaryň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde işjeň gatnaşyk edýändiklerini kanagatlanma bilen belledi.  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen we gruzin halklaryny berk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şol gatnaşyklar bolsa gözbaşyny 15-nji asyrdan alyp gaýdýar. Munuň özi iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm esas bolup durýar.  

Öz nobatynda, gruzin Lideri  myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda giňden bellenilip geçilýän şanly sene bilen mähirli gutlady we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýurdumyzyň we tutuş sebitiň parahatçylygynyň, ykdysady ösüşiniň hem-de abadançylygynyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi.

Prezident Giorgiý Margwelaşwili Gruziýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem iri halkara guramalarynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny we uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şol hyzmatdaşlyk bolsa iki dostlukly döwletiň kuwwaty hem-de ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp guralýar.  Şunuň bilen baglylykda, ýylyň dowamynda ýokary derejeli geçirilen duşuşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolandygy bellenildi. Bu duşuşyklar iki ýurduň netijeli gatnaşyklaryny ösdürmäge, hususan-da, haryt dolanyşygyny artdyrmaga we hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmäge ýardam edýär.

 

Gruziýanyň baştutany Aşgabatda ýokary derejeli halkara forumynyň guralandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, bu maslahatyň dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrmak işinde hem-de oňa gatnaşýan ýurtlaryň köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda türkmen-gruzin  gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, iki döwletiň bähbidine  hem-de ählumumy möçberde netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan kuwwaty nazara almak bilen, onuň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada aýdyp, halkara syýasatynyň energiýa howpsuzlygy ýaly möhüm meselesinde Türkmenistanyň oňyn garaýyşlaryny goldaýandygy üçin Prezident Georgiý Margwelaşwilä minnetdarlyk bildirdi.  Döwlet Baştutany şeýle hem ýokary derejede geçirilen türkmen-gruzin gepleşikleriniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň özüniň oňyn netijelerini berýändigini kanagatlanma bilen belledi, hususan-da, gruziýaly kärdeşine ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Logistiki düzümiň döredilmegi diňe bir iki ýurt üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem uly ähmiýete eýe bolar diýip, türkmen Lideri aýtdy. 

Belent mertebeli myhman Gara deňiz we Hazar deňzi sebitleriniň ýakynlaşmagy nukdaýnazaryndan Gruziýanyň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, öz ýurdunyň ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş etmäge taýýardygyny tassyklady.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Giorgiý Margwelaşwili ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berip, netijeli syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny bellediler.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň Baştutanlary şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyp, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň