Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

0
379
0
0

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guralýan ýokary derejedäki Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldi.

Döwlet Baştutany belent mertebeli gyrgyz myhmanyny mähirli mübärekläp, doganlyk Gyrgyzystanyň Prezidentini türkmen topragynda kabul edýändigine şatdygyny belledi.

Bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Almazbek Atambaýew öz gezeginde dostlukly döwletiň paýtagty Aşgabatda bolýandygyna hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyzystany berk taryhy hem-de ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyna örän begenýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Gyrgyzystan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär we milletiň Lideriniň durmuşa geçirýän döredijilikli, oňyn daşary we içeri syýasatyna ýokary baha berýär. Şunuň bilen baglylykda, myhman Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa baýramçylyk günlerinde Türkmenistana gelmäge, Bitaraplygyň 20 ýyllylygyna bagyşlanan köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurtlar, şol sanda medeni däp-dessurlaryň umumylygy bilen baglanyşýan Gyrgyzystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm şertidigini belledi. Birek-birege hormat goýmak, doganlyk gatnaşyklary, tutuş dünýäde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ýaly meseleler öňde boljak halkara forumynda ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi BMG tarapyndan 1995-nji we 2015-nji ýyllarda iki gezek tassyklandy diýip bellemek bilen, milletiň Lideri Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Gyrgyzystanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi. 

Prezident Almazbek Atambaýew iki ýurduň möhüm halkara we sebitleýin meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny kanagatlanma bilen belläp, sebitde we halkara giňişliginde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde birek-birege mundan beýläk-de goldaw bermek barada aýtdy.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.  

Söhbetdeşler iki ýurduň hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, GDA-nyň çäklerindäki sebitleýin gatnaşyklary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gönükdirilen möhüm çäreleri durmuşa geçirýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Bu babatda dostlukly döwletler baý tejribe topladylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Häzirki döwürde iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ähli ugurlar, şol sanda medeni-gumanitar ulgam ýaly möhüm ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet we sungat ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de baýlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda syýahatçylyk pudagynda  özara peýdaly gatnaşyklary  ýola goýmak möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda milletiň Lideri we myhman Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň bozulmazdygyny belläp, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru