Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisini kabul etdi

01:0212.12.2015
0
2847

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň administratorynyň orunbasary, BMG ÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit direktory hanym Jihan Sultanoglyny kabul etdi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins gatnaşdy.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, myhman Birleşen Milletler Guramasynyň  Baş sekretary Pan Gi Munuň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa aýdan mähirli sözlerini we Türkmenistanyň halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, Jihan Sultanogly milletiň Liderini we tutuş türkmenistanlylary wagtyň geçmegi bilen diňe bir umumymilli gymmatlylyga däl, eýsem, tutuş halkara bileleşiginiň gazanan üstünligine öwrülen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň şanly 20 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmen döwletiniň durmuşa geçirýän we tutuş adamzadyň giň goldawyna eýe bolan daşary syýasat ugruna ýokary baha bermek bilen, BMG-niň wekili häzirki döwürde Bitaraplygyň ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde durnuklylygyň oňyn ýagdaýyny emele getirmek bilen, sebitde möhüm orun eýeleýändigini belledi.  Türkmen paýtagtynda geçirilýän Halkara maslahatyna gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman BMG-niň Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrinsiň Türkmenistanyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medaly bilen sylaglanmagy Türkmenistanyň hökümetiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belläp, hanym Jihan Sultanoglu abraýly halkara guramalaryň ýöriteleşdirilen edaralarynyň üstünlikli işi ugrunda döredilýän amatlyklar üçin hoşallyk bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň türkmen tarapynyň başlangyçlaryna, şeýle hem sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine goldaw berýändigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň 1995-nji ýylda BMG-niň ýörite kararnamasy bilen tassyklanan we 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Kararnamasy esasynda gaýtadan berkidilen Bitarap ýurt hökmündäki derejäni buýsanç bilen göterýändigini belläp, milletiň Lideri Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna we döwlet Garaşsyzlygyny alan pursadyndan başlap, ýurdy ösdürmegiň baş binýady bolan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde yglan edýändigini nygtady.

Häzirki döwürde türkmen döwleti ählumumy parahatçylyk döredijilik ýagdaýlarynda öňdebaryjy halkara düzümleriň ýörelgelerini we maksatnamasyny işjeň alyp barýan ýurda öwrüldi diýip bellemek bilen, döwlet Baştutany Aşgabadyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak üçin tötänden saýlanyp alynmandygyny, munuň özi sebitiň ýurtlarynyň parahatçylygyny we durnukly ösüşini saklamagyň möhüm guralyna öwrülendigini nygtady. Türkmen paýtagty BMG-niň howandarlygynda we  ählumumy howpsuzlyk meselelerini kadalaşdyrmaga bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň wekili özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ählumumy durnukly ösüşe we abadançylyga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri ählumumy energetika howpsuzlygy, ulag-üstaşyr pudagyny ösdürmek, şeýle hem häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň  Milletler Bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolan oňyn çözgüdi bilen baglanyşykly halkara başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi.

Şu ýylyň sentýabr aýynda 193 ýurduň Baştutanlarynyň goldan Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň maksatnamasyna goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, myhman bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda milletiň Lideriniň işjeň orun eýeleýändigini belledi. Hanym Jihan Sultanoglu Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasynda kesgitlenen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary ýakyn wagtda durmuşa geçirilip başlanar diýip nygtady. Ykdysadyýeti köpugurly esasda ösdürmek, energiýa tygşytlaýjy, tehnologik ösüş, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar özara gatnaşyklaryň esasylary hökmünde görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  we BMG-niň wekili Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bar bolan we ählumumy abadançylyga, gülläp ösüşe ýardam bermegi maksat edinýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň