Türkmenistanyň Prezidenti ÝÝSGŞG-niň Taýýarlyk görüş toparynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

0
371
0
0

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýadro synaglarynyň  ählumumy gadagan etmek hakyndaky Şertnama boýunça Guramasynyň (ÝÝSGŞG)   Taýýarlyk görüş toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary jenap Lassina Zerbony kabul etdi.  

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milletiň Liderini bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Jenap Lassina Zerbo sebit we dünýä möçberinde ýaragsyzlanmak işini berkitmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýan ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik daşary syýasat ugruna ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyga, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady. Bu guramalar bilen üstünlikli gatnaşyk etmegiň uly tejribesi toplanyldy. Türkmen döwleti özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine ulanmaga çalşyp, halkara hyzmatdaşlygy meselelerinde, şol sanda bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly möhüm ugurda işjeň orun eýeleýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleler boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň hem-de ÝÝSGŞG-niň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň çäginde ýadro ýaraglarynyň synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakyndaky şertnamanyň monitoringiniň Halkara ulgamynyň seýsmiki stansiýasyny döretmek baradaky Kararyna laýyklykda, 2010-njy ýylyň fewralynda bu ulgama girýän PS-44 1”Alibek”  sesmiki stansiýasy ygtyýarlandyryldy we işläp başlady.  Bu ädim Türkmenistanyň ýadro ýaragsyzlanmak boýunça halkara işine işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan möhüm şertnamalaryň ençemesine –ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky şertnamalara we beýleki degişli resminamalara gatnaşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ygtybarly hem-de jogapkär hyzmatdaş hökmünde halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolýar.  Şunda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we beýleki wekilçilikli forumlaryň belent münberinden beýan eden hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda,  ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň esaslaryny pugtalandyrmagyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň bähbidine ÝÝSGŞG-niň çäklerinde umumy tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygyny nygtaldy. 

Duşuşygyň ahyrynda, döwlet Baştutany we myhman ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru