Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary ligada 32-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

20:1309.12.2015
0
1259

8-nji dekabrda futbol boýunça Ýokary ligamyzyň 23-nji möwsüminiň senesi üýtgedilen tapgyrlarynyň ýene biriniň — 32-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Aşgabatda, Mary, Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde geçirilen duşuşyklaryň netijesi tamamlanyp barýan-da bolsa, Milli çempionatymyzyň gyzygynyň gaçmaýandygyny ýene bir ýola görkezdi. Şol sanda käbir duşuşyklarda garaşylmadyk hasaplaryň alynmagy tapgyryň täsirini artdyrdy.

Tapgyryň iň uly aýratynlygy eýýäm çempionlygyny yglan eden «Altyn asyryň» öz meýdanynda ýaryş tertibiniň sekizinji basgançagynda barýan topardan ýeňilmegidir. «Hazynadyr» «Merw» bilen altynjy orun üçin ýaryşa giren HTTU myhmançylykda «aragatnaşykçylary» jogapsyz pökgüleriň ikisi bilen ýeňmegi başardy. Ikisi hem birinji ýarymda geçirilen pökgüler Annasähet Annasähedow bilen Pirmyrat Sultanowa degişli.

Paýtagtda geçen ýene bir duşuşykda «Ahal» «Merwi» kabul etdi. 34-nji minutda Döwlet Mirsultanowyň öz derwezesine geçiren pökgüsi tutuş oýnuň ykbalyny çözdi. Şeýlelikde, toparlaryň şu möwsümdäki özara geçiren soňky duşuşygy «Ahalyň» peýdasyna tamamlandy.

«Energetik» bilen «Balkanyň» arasyndaky duşuşykda, garaşylyşy ýaly, «nebitçiler» üstün çykdy. Ikisi-de ikinji ýarymda geçirilen gollar Myrat Ýagşyýew bilen Serdaraly Ataýewe degişli. Şeýlelikde, Myrat Ýagşyýew bir möwsümde 31-nji pökgüsini geçirip, Ýokary liganyň taryhyna girdi. Ozal hem ýatladyşymyz ýaly, Ýokary liganyň 1992-nji ýyldan bärdäki taryhynda bir möwsümde 30-dan kän pökgi geçirip bilen diňe iki sany oýunçy bardyr.

Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» — «Hazynany» kabul etdi. Ýer eýeleri mundan bir aý töweregi ozal «ykdysadyýetçileri» hut şu meýdançada Kubok ýaryşyndan çykaryp bilen-de bolsa, Ýokary ligada ýeňmek başartmady. Duşuşykda derwezelere ýekeje pökgi hem girizilmedi.

«Aşgabat» myhmançylykda «Daşoguzy» Wugar Abdullaýewiň ýeketäk goly bilen ýeňdi.

32-nji tapgyryň duşuşyklaryñ netijeleri:

08.12.2015

«Altyn Asyr» 0:2 HTTU
0:1 —Annasähet Annasähedow 37'
️0:2 —Pirmyrat Sultanow 45+2'.

«Ahal» 1:0 «Merw»
1:0 —Döwlet Mirsultanow 34' (ö.d.)

«Energetik» 0:2 «Balkan»
0:1 —Myrat Ýagşyýew 58',
0:2 —Serdaraly Ataýew 90+4'.

«Şagadam» — «Hazyna» 0:0

«Daşoguz» 0:1 «Aşgabat»
0:1 —Wugar Abdullaýew 55'.

 

32-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň ýaryş tertibi:

«ALTYN ASYR» 34/86

«BALKAN» 34/67

«ŞAGADAM» 34/55

«AŞGABAT» 34/53

«AHAL» 34/51

«MERW» 34/41

«HAZYNA» 33/42

HTTU 33/41

«ENERGETIK» 33/19

«DAŞOGUZ» 33/12

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň