Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy

0
672
0
1

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň merkezi köçeleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Awtobusly amala aşyrylan iş saparynyň barşynda döwlet Baştutany Aşgabadyň doly abadanlaşdyrylan künjeklerini, ak mermere beslenen binalary, ýol-ulag düzüminiň desgalaryny synlap, birnäçe teklipleri aýtdy we tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany şäher meýdançalarynyň we ulaglaryň möçberleriniň artýandygyny nazarda tutup, paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini ösdürmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, köp zolakly köprüleri we duralgalary öz içine alýan degişli düzümi sazlaşykly ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şäheriň merkezinden demirgazyga tarap uzaýan durky täzelenen şaýoluň ugry bilen barýarka, milletiň Lideri ulag ulgamynyň ýolagçylar we sürüjiler üçin ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän ýörite elektron ulgamyň sazlaşykly hereketini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýolugra paýtagtyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň gidişi bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Aşgabatda guralýan dürli maksatly binalar, senagat desgalary we belent ýaşaýyş jaýlary durmuş-ykdysady, binagärlik-çeperçilik, ylmy-tehniki ösüşiň wezipelerini nazara almak bilen şäheriň çäklerini toplumlaýyn ösdürmek meýilnamasyna laýyk derejede alnyp barylýar.

Soňra döwlet Baştutany Halkara howa menzilinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerde döredilýän şertleriň häzirki zamanyň ruhuna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllyk toýuna gelýän köp sanly daşary ýurtly myhmanlara degişli hyzmatlary berjaý etmek kadasyna laýyk gelmelidigini nygtady.  

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we onuň egindeşleri awtobusda paýtagtymyzyň demirgazygyndan günorta tarap ugur aldylar. Milletiň Lideri paýtagtyň yşyklandyryş ulgamyna aýratyn üns berilmelidigini belledi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru