Ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça işler 113,7 göterim ýerine ýetirildi

21:1908.12.2015
0
1358

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, ýylyň 11 aýynda ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnama 113,7 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 114,2 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 112,9 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine  ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 125,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 103,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda 100,7 göterime barabar boldy.

Ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106 göterim üpjün edildi. Hasabat döwründe ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 552 müň, şol sanda 515,17 müň öýjükli belgi, 6,7 müň radiotelefon belgisi we 29,6 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,6 esse ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 33 müň telefon belgilik beketler gurnaldy we 2150 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.

“Türkmenhowaýollary”  döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe awiahyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 116,8 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 126,2 göterim üpjün edildi. Bu görkeziji ýük daşamakda 100,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda 139 göterime deň boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň