Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda söwdanyň ösüdürrilişi 110,4 göterime ýetirildi

21:1208.12.2015
0
1114

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň ösüş depgini 110,4 göterime, bölek söwdanyň ösüş depgini 105,8 göterime, lomaý söwdanyňky bolsa 112,6 göterime deň boldy. Bu ulgamda maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 214,8 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 227 birža söwdalary geçirilip, jemi  50 milliard 690,5 million manada deň bolan 19 müň 522 şertnama hasaba alyndy. Import-eksport şertnamalarynyň bahasy 15 milliard 309,9 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň  bahasy 28 milliard 497,1 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 32 million 398,37 müň amerikan dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe hyzmat işleriniň ösüş depgini 122,6 göterim boldy. Ýerine ýetirilen hyzmatlardan gelip gowşan daşary ýurt pulunyň ösüş depgini 108,46 göterime deň boldy. Şunda 2 million 935,25 müň amerikan dollary gazanyldy. Hasabat döwründe 30 sergi we 26 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça öndürilen senagat önümleriniň möçberi 16,3 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi  bolsa 16 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberiniň ösüş depgini 101 göterime, söwda-haryt dolanyşygynyňky 124,7 göterime, hyzmatlar ulgamynyň hasabat döwründäki ösüş depgini bolsa 127,3 göterime deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň