Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäherinde önüm öndürilişi 123,8 göterime deň

20:4308.12.2015
0
1198

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, ýylyň 11 aýynda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hojalyk hasaplaşygyna degişli edara-kärhanalarynda  önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgininiň 123,8 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň, gurluşyk işlerini, hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 117,9 göterim berjaý edilip,  meýilnama 128 göterim ýerine ýetirildi.    

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda umumy öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi  879 million 953,1 müň manada barabar boldy. Hasabat döwründe elektroenergiýanyň önümçiliginiň ösüş depgini  101,5 göterime deň bolup, ony eksport etmegiň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,5 göterime, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça bolsa bu görkeziji 108,3 göterime deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň