Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, ýylyň 11 aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümleriniň 336 görnüşi çap edildi. Täze neşir edilen kitaplaryň hatarynda türkmen nusgawy şahyrlarynyň hem-de häzirki zaman ýazyjylarynyň kitaplary, baý bezegli ertekiler we okuw gollanmalary bar.
Döwrüň talabyna laýyklykda we häzirki zaman tehniki mümkinçilikleri bilen medeniýet we habar beriş serişdeleriniň edara-kärhanalarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär.