Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň bilim, sport, saglyk we syýahatçylyk pudaklarynyň ösüş depgini sanlarda

20:0708.12.2015
0
1183

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, ýylyň 11 aýynda ýurdumyzda jemi 18 müň 50 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 33-siniň hem-de 2 müň 890 orunlyk çagalar baglarynyň 17-siniň binalary ulanmaga berildi.

Türkmen okuwçylary  ýylyň başyndan bäri halkara bäsleşiklerinde 45 altyn, 50 kümüş, 37 bürünç — jemi 132 medala mynasyp boldular. Halkara ders bäsleşiklerine, şol sanda halkara açyk Internet bäsleşiklerine gatnaşan talyplar 20 altyn, 47 kümüş, 47 bürünç — jemi 114 medala mynasyp boldular.

Şeýle hem 5-6-njy noýabrda GFR-de geçirilen 5-nji türkmen-german forumynyň netijeleri barada habar berildi. Onda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň, şol sanda çaga leýkemiýasyny bejermekde hil kepilliklerini gazanmak, süýjili diabetiň öňüni almak, lukmanlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekilleri sanitar awiasiýasy gullugynyň işi bilen hem tanyşdy.

Ýanwar-noýabr aýlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli derejedäki ýaryşlaryň 176-sy geçirildi hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 82-si guraldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň