Ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň oba hojalygynyň ösüşi 105,2 göterime deň boldy

19:5208.12.2015
0
2332

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanda obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy. Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji  110,2 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça 110,3 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 110,2 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 110,5 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça  105 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 113,5 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 122,8 göterime barabar boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 120,1 göterim ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň