11 aýda Türkmenistanda içerki önümiň ösüş depgini 107,1 göterime deň boldy

0
505
1
354

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, 2015-nji ýylyň 11 aýynda ýurduň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleriniň seljermesine laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 107,1 göterim üpjün edildi, şol sanda ösüşler senagat pudagynda 102,6 göterime, gurluşykda 110,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 110,2 göterime, söwdada 111,1 göterime, oba hojalygynda  110,4 göterime we hyzmatlar ulgamynda 111 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 105,4 göterim üpjün edildi.

Bölek satuw-haryt dolanyşygy 2014-nji  ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 18,2 göterim artdy. Daşary söwda-haryt dolanyşygynda hem oňyn ösüş gazanyldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,5 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 85,1 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanda önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýandygyny belledi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 48,3 milliard manada deň boldy, 2014-nji  ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ösüş depgini 108,2 göterim berjaý edildi.

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurt boýunça suw arassalaýjy desgalaryň 2-si, durmuş maksatly binalaryň 63-siniň gurluşygy tamamlandy hem-de  suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 23-siniň,  durmuş maksatly binalaryň 90-synyň, 1 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda 146 binanyň we desganyň gurluşygy tamamlandy hem-de 184-sinde gurluşyk işleri dowam edýär. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygyndan we Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygyndan işleriň ýola goýluşyna gözegçiligi güýçlendirmek talap edildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru