Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda gepleşikler geçirildi

09:0508.12.2015
0
3025

7-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň  Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda geçirilen gepleşiklerde Türkmen döwletiniň Baştutany strategiki häsiýete eýe bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp,  gazy eksport edýän ýurtlaryň forumyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagyň çäklerinde Prezident Wladimir Putin bilen  golaýda Eýranda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň —Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan we Swerdlowsk oblastlarynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň arasynda dürli pudaklarda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtady.

Prezident Rustam Minnihanow  Türkmen döwletiniň Baştutanyny we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady. Tatarystan Türkmenistany geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar diýip, Prezident Rustam Minnihanow aýtdy we dürli derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Biziň halklarymyzy köp zatlar, şol sanda diliň we medeniýetiň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen däp-dessurlar baglanyşdyrýar diýip, myhman sözüni dowam etdi hem-de şu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň  ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy  ösdürmegiň täze mümkinçilikleri barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Söhbetdeşler ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, ýangyç-energetika toplumyny, söwda-ykdysady ulgamy, oba hojalygyny we syýahatçylygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Taraplar maşyngurluşygy, energetika we senagat ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini aýdyp, bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler. Türkmen önümleriniň Tatarystana iberilýän möçberlerini, şeýle hem respublikada öndürilýän tehnikanyň ýurdumyza getirilýän möçberlerini artdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Prezidentler bilelikdäki gatnaşyklaryň başga-da birnäçe ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň mizemezdigini nygtap, dostlukly halklara parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň