Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sport ýaryşlary

15:3207.12.2015
0
3556

Geçen hepdäniň dynç günleri Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sport çäreleriniň ençemesi geçirildi. Olaryň arasynda durky täzelenen sport desgalarynyň açylyşy, sportuň 20-den gowrak görnüşleri boýunça toplumlaýyn ýaryşlar we kabaddi oýny boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş bar.

Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň durky täzelenen sport desgalarynyň birnäçesiniň — stadionyň, kiçi futbol, basketbol, tennis meýdançalarynyň we bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Hazyna” we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagär” toparlarynyň arasynda geçen woleýbol duşuşygy hem köpleriň ünsüni özüne çekdi. Bu toparlar badalga alan talyplar uniwersiadasynyň çäklerindäki ýaryşyň finalynda duşuşdylar. Olara, ahyrky netijede üçünji orna mynasyp bolan Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň woleýbolçylaryndan öňe geçmek başartdy. “Binagär” toparynyň ýokary milli woleýbol ligasynda çykyş edip, altyn medal ugrunda göreşýändigi, “Hazynanyň” bolsa Türkmenistanyň çempionatynyň indiki möwsüminde çykyş etmäge taýýarlanýandygy bellärliklidir.

Woleýbol we milli göreş boýunça ýaryşlardan başga-da futbol, basketbol, ýeňil atletika, uly we stol üstünde oýnalýan tennis, kiçi futbol, küşt we düzzüm milli oýny boýunça ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi.

Sport hünärmenleriniň pikirine görä, Türkmen oba hojalygy uniwersitetiniň durky täzelenen meýdançalary zerur ölçeglere laýyk gelmek bilen, milli derejedäki islendik ýaryşlary kabul etmäge ukyplydyr.

.... Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň meýdançalarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň 20-den gowrak görnüşi boýunça toplumlaýyn ýaryşlar geçilýär. 6-njy dekabrda bu ýerde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ildeşlerimiziň müňlerçesini ýygnan bu ýaryşyň dabaraly açylyşy boldy.

Ýaryşlar şu aýyň ahyryna çenli dowam edip, olar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň tapgyrlarynyň biri bolup durýar. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi Aziada—2017-niň guramaçylary üçin tejribe toplamaga, öňde boljak Aziadany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlanmak babatda zerur bolup durýar.

Geçen ýekşenbe güni sportuň üç görnüşi boýunça – küşt, tennis we gandbol boýunça ýeňijiler we baýrakly orny eýelän  türgenler kesgitlenildi. Häzirki pursatda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň topary öňde barýar. Ýöne bu ýagdaýyň üýtgemegi ahmal. Çünki, öňde ýene-de sportuň 18 görnüşi: milli göreş, futbol, basketbol, stol üstünde oýnalýan tennis, bilýard we beýlekiler boýunça ýaryşlar bar.

.... “Galkynyş” sport toplumynda geçen kabaddi boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabatdan bolan toparlary özüne ýygnady. Erkekleriň arasynda geçen ýaryş örän çekeleşikli geçdi. Ýaryşda Daşoguz welaýatynyň topary final duşuşygynda Aşgabat şäheriniň toparyny 49:46 hasabynda ýeňip, ilkinji gezek altyn medala mynasyp boldy.

Tirkeş Toýlyýewiň ýolbaşçylygynda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň türgenleriniň üstünligine toparyň ökde oýunçysy Jelil Ýazgulyýewiň goşandy uludyr. Häzir bu daşoguzly türgen Türkmenistanyň Milli ýygyndysynyň düzümine girmäge dalaş edýän esasy türgenleriň biridir.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda garaşylmadyk netijeler bolmady. Aşgabadyň topary, garaşylyşy ýaly, nobatdaky ýeňşini gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň şägirtleri Lebap welaýatyndan gelen türgenleri 41:33 hasabynda ýeňmegi başardylar.

Kabaddi oýny bilen meşgullanýan türkmen türgenlerine şu ýyl ýene bir synag garaşýar. Dekabryň aýagynda paýtagtymyzda Aşgabadyň açyk kubogy ugrunda ýaryşlar geçiriler. Onda güýçlüler özleriniň güýçlüdigini ýene bir gezek subut etmek üçin, ýeňilenler bolsa ýeňiş gazanmak üçin göreşerler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň