Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Goňşokara baýramy giňden bellenildi

10:5507.12.2015
0
6510

Goňşokora baýramy mynasybetli dabaralar we baýramçylyk gezelençleri Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde “Ak bugdaý” milli muzeýiniň günorta tarapynda guralan baýramçylyk meýdançasy bu gün myhmansöýerligiň mekanyna öwrüldi.

Paýtagtymyzyň we welaýatyň meşhur estrada aýdymçylarynyň, folklor we tans toparlarynyň baýramçylyk sahnasynda ýerine ýetiren çykyşlary ählihalk baýramçylygyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Olaryň joşgunly çykyşlary myhmansöýerlik, hoşniýetlilik we şatlyk duýgularyna ganat berdi.

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde Goňşokora baýramy giň gerim bilen bellenildi. Baýramçylyk çärelerine meşhur we höwesjeň ýerine ýetirijiler, aýdym-saz, tans, folklor, teatr toparlary we ýurdumyzyň welaýatlarynyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň