Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

10:2507.12.2015
0
3371

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk  toýuna, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Milli Liderimiz ilki bilen maslahata gatnaşyjylary we tutuş halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Goňşokara baýramy bilen gutlady. Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, dekabr aýynda ýurdumyz we halkymyz üçin uly ähmiýeti bolan baýramçylyklaryň bellenilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk senesine we Täze ýyl baýramçylygyny guramaga  örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany Aşgabadyň, beýleki şäherleriň we obalaryň baýramçylyk guralýan künjekleriniň bezeg aýratynlyklaryna, abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda  giň möçberli baýramçylyk çärelerini we köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek babatda oňyn tejribäniň toplanandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany bu babatda täze çözgütleriň, möhüm gözlegleriň  zerurdygyny nygtap, olaryň ýurduň ykdysady ösüşiniň beýik maksatlaryna, döwrüň we häzirki zaman ösüşiniň ruhuna laýyk gelmelidigini, baýramçylyk çärelerinde Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň we ýetilen sepgitleriň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň